Aýdym-sazly Watanym
Aýdym-sazly Watanym
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitler, amala aşyrylýan beýik özgertmeler halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Diýarymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda medeniýet ulgamy hem ösdürilýär. Medeniýetiň, sungatyň kämilligi halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlygynyň belentligidir. Onuň ösdürilmegi taryhymyzyň, milli däp-dessurlarymyzyň, mirasymyzyň galkynmagyna getirýär. Her bir ýyly şanly üstünliklere, belent sepgitlere beslenýän ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň barha baýlaşdyrylmagy, kämilleşdirilmegi hormatly Prezidentimiziň medeniýetimize, sungatymyza belent hormat-sarpasynyň nyşanydyr. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli täze döwrüň ajaýyplygyna öwrülen Arkadag şäheriniň Märkaw myhmanhanasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Türkmen milli saz gurallar” we “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň mugallymlary we talyplary birnäçe ajaýyp aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler.
Konsertiň dowamynda ussat bagşy Amanlyk Amanlykow ''Elden gider'', ''Gandu-şekerli'', Ahmedowa Gülnabat ''Tüni derýa'', ''Selbinýaz'', Baýramow Serdar ''Näzli dilber'', ''Owadan'' ýaly türkmen halk aýdymlary ýerine ýetirildi. Şöhratberdi Mededowyň ýolbaşçylyk etmeginde talyplar bagşylar ansamblynyň hem çykyşlary ýaňlandy. Olardan Saparowa Ogulaý ''Sumbaryň nary'', Jumabaýewa Merjen ''Görüşeli'', Amandurdyýewa Merjen ''Baglar ýagşy'', Tuwakow Döwletgeldi ''Bugdaý'' ýaly Hasyl toýa bagyşlanan aýdymlar bilen çykyş etdiler.
Halypa-şägirtlik ýoluny giňden açyp beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
“Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň müdiri
Ahmedowa Gülnabat