Ankarada Azadynyň «Wagzy-Azat» eseriniň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

6-njy noýabrda Ankara şäherindäki Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretariatynyň binasynda, beýik türkmen akyldary we şahyry Döwletmämmet Azadynyň 330 ýyllygy mynasybetli, onuň «Wagzy-Azat» atly kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabara Türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň we Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde guraldy.

Tanyşdyrylyş dabarasyna daşary ýurtlaryň ilçileri, Türkiýäniň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, tanymal ýazyjy-şahyrlardyr jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň agzalary, talyp ýaşlar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Beýik türkmen şahyrynyň we filosofynyň ömri hem-de döredijiligi baradaky kitap türkolog alym, türki edebiýatynyň bilermeni doktor Soner Saglam tarapyndan taýýarlanylyp neşir edildi. Bu eser türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasyny türki dünýäsinde beýan etmekde möhüm goşant boldy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219