Türkmen paýtagtynda Woýçeh Waleçekiň fortepiano konserti geçiriler
Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet günleriniň çäklerinde Aşgabatda Polşanyň meşhur pianisti Woýçeh Waleçegiň we Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti geçiriler.
Konsert maksatnamasynyň dowamynda Frederik Şopeniň fortepiano we orkestr üçin №1 konserti ýerine ýetiriler.
Konsert 21-nji noýabrda «Mukamlar köşgünde» geçiriler.
Başlanýan wagty sagat 19:00-da. Giriş mugt.
Ýatladyp geçsek, 18-nji noýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Moris Raweliň «Bolero» atly eseri ýerine ýetiriler. Bu konsertde Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri we Wladimir Mkrtumow çykyş ederler.