Aşgabatda Çary Nurymowyň eserlerinden taýýarlanan baýramçylyk konserti geçirildi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň guramagynda Türkmenistanyň halk artisti, zehinli kompozitor Çary Nurymowyň eserlerinden taýýarlanan baýramçylyk konserti geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, dabarada kompozitoryň «Armanym galdy», «Toý aýdymy», «Näzlim uz maňa» ýaly ilhalar aýdymlary bilen birlikde, 2-nji dessan konserti, «Maru-Şahu jahan» simfoniýasy, fortepiano we orkestr üçin konsertiniň 3-nji bölümi, «Baýramçylyk uwertýurasy» ýaly eserleri konserwatoriýanyň kamera we simfoniki orkestrleriniň gatnaşmagynda diňleýjilere hödürlendi.
Kompozitoryň «Türkmenistan — gözel mekan», «Aşgabat» ýaly meşhur eserleri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň «Mukam» skripkaçylar topary tarapyndan ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň halk artisti Çary Nurymowyň döredijilik gözlegleri halk sungatynyň çeperçilik we ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Işjeň durmuş nukdaýnazarly kompozitor Ç.Nurymow döredijiligini mugallymçylyk we jemgyýetçilik işleri bilen utgaşdyrýar. Ol öz zehinini Moskwanyň Gnesinler adyndaky sazçylyk-pedagogik institutynda okan döwründe has-da kämilleşdirýär we şol ýokary okuw mekdebiniň aspirantura bölümini tamamlap, Aşgabada dolanyp gelýär hem-de D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sungat mekdebinde okuwçylara saz nazaryýeti dersinden bilim berýär. 1972-nji ýyldan başlap Türkmen döwlet pedagogik sungat institutynda (häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy) zähmet çekýär. Köp ýyllyk iş tejribesinden soň, sazyň taryhy, nazaryýeti we kompozisiýa kafedrasynyň professory derejesine eýe bolýar.
Çary Nurymowyň döredijiligine üç simfoniýa, üç balet, dürli saz gurallary üçin konsertler, wokal-instrumental, hor eserleri, kinofilmler üçin sazlar, romanslar we aýdymlar degişlidir.