Aşgabatda Ýewropa medeniýetiniň günleri başlady

Aşgabatda Ýewropa medeniýetiniň günlerine badalga berildi. Türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary şu hepde geçiriljek gyzykly çäreleriň birnäçesine gatnaşmaga çagyrylýarlar.

21-nji noýabrda sagat 19:00-da belli polýak pianinoçysy Woýseh Waleçegiň Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri (dirižýor — Resul Gylyjow) bilen bilelikdäki konserti bolar. Agşamky maksatnamada Frederek Şopeniň Fortepiano üçin №1 Konserti orkestr bilen ýerine ýetirilýär. Bu konsert hem ähli isleg bildirýänler üçin açykdyr.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219