Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän beýik sepgitleriň halkymyzyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylýar. Halkymyzyň ýurdumyzyň şu güni we geljegi bolan ýaşlary milli ruhda terbiýelemek baradaky meselä aýratyn ähmiýet berýändigini, milli ýol-ýörelgelerimizi ýaşlaryň kalbyna, aňyna siňdirip, olary gadymdan gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzyň mysalynda terbiýelemekligiň mukaddes borçdugyny, Magtymguly atamyzyň: “Ýagşylykda ile özün tanydan, Alkyş alyp, derejesi zor bolar” diýşi ýaly, adam hakyndaky aladany ör-boýuna galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty netijesinde bu günki gün täze taryhy eýýamda dünýä ylymlaryny ele almaga ähli şertler döredilýär.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimizde “Ätiýaçlandyryş hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda , ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek we ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 08-nji aprelinde çykaran 1190-njy karary bilen tassyklanan, “Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrylyk derejesiniň tertibine” esaslanyp “ Betbagtçylyk hadysalardan ätiýaçlandyrma” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çärä gelen wekil Batyr Joraýew adamyň janyna ýetip bilýän şikesler barada we günüň dowamynda bolup geçýän betbagtçylyk hadysalary mysal getirip olar barada giňişleýin we doly gürrüň berdi. Gelen wekile mugallymlarymyz we talyplarymyz tarapyndan özlerini gyzyklandyrýan birnäçe soraglar berildi. Batyr Joraýew her bir berilen soraga giňişleýin jogap berdi. Her bir adam özüni ätiýaçlandyrsa betbagtçylyk hadysalarynda olara döwlet tarapyndan ediljek kömekleriň we her bir adam janyna ýeten şikesiň göterimleri barada aýdyp berdi.
“Saglyk” döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak sagdyn durmuş yörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işleriň durmuşa geçirilýändigini, kesselleri anyklamakda, bejermekde we olaryň öňüni almakda dünýäniň iň öňdebaryjy usullarynyň, tejribeleriniň hem-de enjamlarynyň ullanylýandygyny, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmagyň, raýatlara elýeterli, ýokary hilli luklamnçylyk hyzmatlaryny üpjün etmegiň döwlet syýasatymyzyň baş maksadydygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Maslahata gatnaşyjylar ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky
Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň
mugallymy Haýdarowa Ogulsona