Onlaýn okuw-usuly maslahaty geçirildi
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimizde ýurdumyzyň orta hünär ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölümleriniň gatnaşmaklarynda “Okuw meýilnamalaryny kämilleşdirmek, saz nazaryýet derslerini okatmagyň innowasion usullary boýunça özara tejribe alyşmak” atly onlaýn okuw- usuly maslahaty geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
Okuw-usuly maslahatynyň başynda mekdebimiziň direktorynyň orunbasary Baýramow S. E. giriş sözi bilen çykyş etdi. Soňra “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň müdiri Baýryýewa S. S. “Okuw meýilnamalaryny kämilleşdirmeklige gönükdirilen meseleler” barada çykyş etdi. Okuw meýilnamalaryny kämilleşdirmek üçin özüniň birnäçe tekliplerini berdi. Bölümiň halypa mugallymy Amanowa L. N. “Saz nazaryýeti derslerinden döwlet synag sowalnamalaryny düzmegiň usullary” atly temasy bilen çykyş etdi. Mugallym öz çykyşynda döwlet synaglary üçin sowalnamalaryny talaba laýyk dogry düzmek üçin özüniň maslahatlaryny berdi. Soňra bölümiň mugallymy Aýdogdyýewa B. A. “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminde meýilnama esasynda okuw kitaplaryny we gollanmalaryny ýazmak boýunça ýerine ýetirilen işler” barada aýdyp berdi. Bölümde taýýarlanan we üstünde işlenilýän okuw kitaplary we okuw gollanmalary barada aýdyp berdi.
Soňra onlaýn okuw-usuly maslahatnyň dowamynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň müdiri Oweniýazowa E. N. “Saz nazaryýet derslerinden test soraglaryny düzmekligiň aýratynlygy”, Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň “STN” bölüminiň mugallymy Hudaýarowa M. “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminde bilim bermekde ýüze çykýan meseleler”, Mary welaýatynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň “STN” bölüminiň müdiri Öwezowa L. A. “Talyplarda eşidiş ukybyny ösdürmegiň dürli ugurlary”, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “STN” bölüminiň mugallymy Nurgylyjowa Ç.H. “Türkmen saz edebiýaty dersinde dutarçy sazandalaryň eserlerinden saz parçalaryny ýerine ýetirmegiň ähmiýeti”, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “STN” bölüminiň mugallymy Döwranowa H. “Sungatyň ösüş ýoluna ylmy seretmek” ýaly temalar bilen çykyş etdiler.
Okuw usuly maslahatynyň soňunda oňa gatnaşyjylaryň pikirleri, teklipleri diňlenildi hem-de ara alyp maslahaşyldy. Maslahatyň soňunda oňa gatnaşyjylar okamaga, zähmet çekmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Aýdogdyýewa Bägül
Maýa Kulyýewa adyndaky
TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow
adyndaky TDÝSM-niň “Sazyň taryhy we nazaryýeti”
bölüminiň mugallymy