Döwür bilen kybapdaş

Ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagy, nazary bilimleri kämilleşdirmegi, sanly tehnologiýalary özleşdirmek bilen öňdebaryjy tejribeleri öwrenmegi Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.
Häzirki wagtda okatmagyň usulyýetinde täze tehnologiýalar ýagny, kompýuter, öýjükli telefonlar, internet sahypalary, programmalar her bir mugallym üçin zerur hasaplanylýar.
Sazyň taryhy we nazaryýeti  derslerinde geçilýän temalary talyplaryň çalt özleşdirmekleri üçin döwrebap tehnologiýalaryň dürli mümkinçiliklerini ulanmak bilen  amala aşyrýarys.
Okatmagyň häzirki zaman usulyýetinde sanly bilim ulgamynyň giňden ulanylmagy talyplar üçin döredijilik ukyplaryny görkezmäge, aýdym-saz dünýäsine has çuňňur aralaşmaga, mugallym üçin bolsa dersleri gyzykly alyp barmakda zerur bolup, bilim bermekde, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýelemekde  uly orun eýeleýär.
Şu gün mekdebimiziň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy Aýdogdyýewa B. A. “Saz mugallymçylygy” hünäriniň I ýyl talyplary bilen “Saz teoriýasy” dersinden açyk sapagy geçirildi. Açyk sapagyna bölümiň mugallymlary gatnaşdylar. Mugallym açyk sapagy döwrebap usullary peýdalanyp, dürli görkezme esbaplary, oýunlaryň üsti bilen talyplaryň bilimlerini barlady. Talyplar hem ýerli ýerden soraglara jogap berip, işjeň gatnaşdylar. Täze temany mugallym gyzykly prezentasiýa bilen gürrüň berdi. Synp tagtasynda täze temany degişli mysallar arkaly düşündirdi. Açyk sapagyna gatnaşan bölümiň mugallymlary sapagyň üstünligi barada bellediler, mugallyma öz belliklerini we maslahatlaryny berdiler. Bu bolsa mekdebimizde “Halypa-şägirt” gatnaşyklary ýokary derejede durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Sungata höwesli ýaş mugallymlar saýlap alan hünärlerini uly zähmet bilen kämilleşdirýärler, halypalardan degerli maslahatlaryny alýarlar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219