Saz we şekillendiriş sungat wekilleriniň duşuşygy

    Şekillendiriş sungatynyň wekilleri bu gün Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde myhmançylykda. Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesiniň mugallymlary bilen geçirilen täsirli döredijilik duşuşygynda sungatyň iki ugrunyň wekillerinde gyzyklanma döredýän dürli görnüşdäki soraglar arkaly pikirler alyşyldy. Mugallymlaryň taýýarlan wideo şekilli prezentasiýalary tomaşaçylary bir pursatlyk geçmişe, şekillendiriş sungatynyň ilkinji wekilleriniň kemala gelen ýyllaryna aralaşdyrdy. Taryhy ýoly ýörite sazçylyk mekdebiniň kemala gelişi bilen kybapdaş bu okuw jaýynda ençeme suratkeşler, heýkeltaraşçylar, zergärler terbiýelenip, Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň taryhynda öçmejek yz galdyrdylar. 
Myhmançylykda bolan mugallymlar şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşleri barada, okuw jaýynda hereket edýän bölümler barada, talyplara berilýän bilimiň hili, bu okuw jaýynda zähmet çekýän tanymal şahsyýetler barada täsirli gürrüňlerini diňleýjileriň dykgatyna ýetirdiler. Talyplaryň taýýarlan döredijilik eserlerinden gurnalan sergide atlaryň keşbi, milli şaý-seplerimiz, halyçylyk sungatynyň gobilen dokamak görnüşi aýratyn täsir galdyrdy.
Duşuşygyň dowamynda myhmanlar üçin aýdym-sazly çykyşlar gurnaldy. Mekdebimiziň “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň IV ýyl talyby Mekan Aýdogdyýewiň ýerine ýetirmeginde Hydyr Allanurowyň “Saňa” diýen aýdymy, şeýle-de mekdebiň zehinli sazanda mugallymy Merjen Amanowanyň fortepiano saz guralynda ýerine ýetirmeginde Nury Halmämmedowyň “Dutaryň owazy” atly eseri ýaňlandy.
Duşuşygyň ahyrynda myhamanlara duşuşygy gurnaýjylar tarapyndan gül çemenleri gowşuryldy we ýene bir ýola olaryň alyp barýan irginsiz zähmetlerinde üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdiler. 

Mähriban Çaryýarowna
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky 
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň 
“Sazyň taryhy we nazaryýeti”bölüminiň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219