Täsirli gezelenç
Gahryman Arkadygymyzyň tagallasy bilen ýaşlara ýokary bilim berilýär. Olaryň giň dünýägaraýyşlary bolmaklary üçin uly mümkinçilikler döderilýär. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Umumy ynsanperwer we durmuş-ykdysady dersler bölüminiň mugallymlarynyň gatnaşmagynda baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli hepdelik geçirildi. Şol hepdeligiň dowamynda ýokarda agzalan bölümiň mugallymy Gyrmyzy Gurbanyýazowanyň ýolbaşçylygynda Türkmen milli saz gurallary bölüminiň I ýyl talyplary Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýine gezelenç etdiler. Bu ýerde talyplar ilkinji türkmen suratkeşi Bäşim Nuralynyň, Aýhan Hajyýewiň, Yzzat Gylyjowyň, Ýarly Baýramowyň, Ýewgeniýa Adamowanyň we beýleki suratkeşleriň dürli ýyllarda döreden surat eserlerini, şeýle-de arheologlaryň dürli ýyllarda geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan taryhy tapyndylary synladylar. Muzeýiň işgäri Güljeren Güljäýewa bu taryhy tapyndylar barada şeýle-de türkmeniň halypa suratkeşleri hem-de Aýhan Hajyýewiň Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden, Ýarly Baýramowyň watançy şahyr Seýitnazar Seýdä bagyşlap döreden, Yzzat Gylyjowyň nusgawy şahyrymyz Annagylyç Mätäjä bagyşlap döreden kanoniki portretleriniň, Ýewgeniýa Adamowanyň “Täze aýdym” eseriniň we başga-da birnäçe suratkeşleriň surat eserleriniň döreýiş taryhy barada gyzykly gürrüňleri berdi. Gezelenjiň dowamynda talyplar muzeýiň Bitaraplyk burçunda zehinli suratkeşlerimiziň baky Bitaraplygymyza bagyşlap döreden suratlaryny we dürli bezeg işlerini synladylar. Dürli ýyllarda döredilen surat eserleri talyplarda uly täsir galdyrdy. Gezelenjiň dowamynda talyplar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza şular ýaly mümkinçilikleri döredip berýändikleri üçin öz sagbolsunlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaç alsyn.
Kerwen Baýramow, Bägül Aýnazarowa,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk
mekdebiniň talyplary