“Meniň hünärim” atly prezentasiýa bäsleşigi

       Berkarar döwletiň  täze  eýýamynyň  Galkynyşy  döwründe beýik  ösüşleri  nazarlaýan  ýurdumyzda  ähli  ulgamlar  bilen bir  hatarda  milli  medeni  mirasymyz, medeniýetimizi, sungatymyzн, taryhymyzн, olary  gorap  saklamak  ýaş  nesillere  ýetirmeklige uly ähmiýet  berlip, hil  taýdan  kämilleşdirilýär. Hormatly  Prezidentimiziň  tagallasy  netijesinde  durmuşa  geçirilýän beýik  işler  belent  üstünliklere  guwanyp  ýaşaýan  halkymyzy döredijilikli   zähmete  ruhlandyrýar.  
     Garaşsyz döwletimizde bilim ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Geljegimiz  bolan  ýaş  nesilleriň   ylymly,  bilimli,  maksada okgunly bolup kemala  gelmegi  boýunça  giň  gerimli  işler   durmuşa   geçirilýär. Talyp  ýaşlaryň  öz  alýan    bilimlerini  görkezmek  maksady  bilen    Maýa  Kulyýewa  adyndaky  Türkmen  Millli  Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar  Öwezow  adyndaky  Türmen  Döwlet  ýörite  sazçylyk  mekdebiniň  "Umumy ynsanperwerlik  we  durmuşy  ykdysady"  dersleri  bölümi  tarapyndan  Bitaraplygymyzyň  30  ýyllygy  mynasybetli  talyp  ýaşlaryň  arasynda “ Meniň  hünärim” atly prezentasiýa  bäsleşigi  geçirildi. Bäsleşigiň  şerti boýunça, bäsleşige gatnaşýan talyplar  prezentasiýalarynda öz hünärleri  bilen tanyşdyrdylar. Bäsleşige gatnaşan talyplar öz çykyşlaryny  edenden soň  emin  agzalar  toparynyň beren adalatly bahalary netijesinde bäsleşigiň 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlary  kesgitlendi. 1-nji oruna  Kakamyradowa Merjen  “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň  II-ýyl talyby,  “Horeografiýa sungaty” bölüminiň II-ýyl talyby  Kakabaýewa  Ogulgül,  2-nji oruna “Sazyň  taryhy we nazaryýeti” bölüminiň I- ýyl talyby Günhan Kurbanow , 3-nji oruna bolsa “Hor dirižýorlygy” bölüminiň I-ýyl talyby Gurdowa  Ogulşeker dagylar mynasyp boldylar. Ýeňijilere hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Şeýle  bäsleşikleriň yzygider   gurnalmagy ,  talyp  ýaşlaryň  öz  bilimlerini  ýüze  çykarmak şeýle  hem  ukyp  başarnyklaryny  görkezmäge uly mümkinçilikleri döredýär.
             
 Maýa  Kulyýewa  adyndaky
 Türkmen  Millli   Konserwatoriýasynyň
ýanyndaky Daňatar  Öwezow  adyndaky 
Türkmen  Döwlet  ýörite  sazçylyk  mekdebiniň
"Aýdym aýtmak sungaty" bölüminiň II-ýyl talyby 
Kakamyradowa Merjen 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219