Baky Bitaraplygymyza bagyşlandy
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp aýdym-sazly konsertler geçirilýär. Şeýle konsertleriň biri hem 8-nji dekabrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň uçurymlarynyň taýýarlamagynda geçirildi. Konserti bölümimiziň I ýyl talyby Arazgeldi Rozmetow alyp bardy. Konsertiň başynda Nurana Şöhradowa “Umumy fortepiano” bölüminiň mugallymy Saparmyrat Baýlyýewiň sazandarlyk etmeginde Sapar Mämiýew bilen Gurban Kulyýewiň bilelikde döreden “Türkmen temalaryna fantaziýa” sazyny ýerine ýetirdi. Soňra Tylla Berdiýewanyň aýtmagynda halypa sazanda Akmyrat Çaryýewiň döreden “Gyz ýüreginiň aýdymyny” ýerine ýetirildi. Oňa Rahymmyrat Garaberdiýew bilen bölümimiziň III ýyl talyby Hamyt Artykow sazandarlyk etdiler. Soňra Bagül Batyrowanyň ýekelikde ýerine ýetirmeginde bolsa “Teşnit” atly türkmen halk sazy, şeýle-de “Umumy fortepiano” bölüminiň mugallymy Leýli Jumamyradowanyň sazandarlyk etmeginde Sapar Mämiýew bilen Gurban Kulyýewiň bilelikde döreden “Baýramçylyk mukamy” sazy ýaňlandy. Konsertiň dowamynda Tylla Berdiýewa kanun saz guralynda Nurana Şöhradowanyň hem-de akkordeonda Öwezgeldi Çaryýewiň sazandarlyk etmeginde “Nesip etmedi” atly aýdymy ýerine ýetirdi. Soňra gyjakçy Rahymmyrat Garaberdiýew “Alyseýidiň muhammesi” atly türkmen halk sazyny ýerine ýetirmegi bilen konsertiň täsirini has-da artdyrdy. Konsert Alp-Arslan Orunbaýew “Ejem” atly aýdymy ýerine ýetirmegi bilen jemlendi. Oňa gyjakda Rahymmyrat Garaberdiýew bilen gitarada bölümimiziň III ýyl talyby Amanýaz Oranýazow sazandarlyk etdiler. Talyplaryň çykyşlary tomaşa edip oturan halypa mugallymlaryň hem-de talyp deň-durlarymyzyň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldular. Konsertiň ahyrynda çykyş eden talyplar Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de şular ýaly ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýändikleri üçin öz hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Kerwen Baýramow
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk
mekdebiniň "Türkmen milli saz gurallary"
bölüminiň talyby