“Ýaşlar bilen beýgelýändir Watanym”

           “Halkara parahatçylyk  we  ynanyşmak  ýylynda”  toýlary  toýlara  ulaşýan  ajaýyp  Diýarymyzda,  bedew  bady  bilen  ynamly öňe barýan ýurdumyzda  her  bir  gün  toýdur  baýrama   beslenip  gelýär.  Ynha  sanlyja  günden  Bitaraplygymyzyň  30 ýyllyk  baýramçylygy  uly  dabara  bilen  belleniljek  günlerinde  okuw  jaýymyz  Maýa   Kulyýewa  adyndaky  Türkmen milli  konserwatoriýasynyň  ýanyndaky  Daňatar  Öwezow  adyndaky  Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň  “Umumy ynsanperwerlik  we  durmuş ykdysady  dersler”  bölümi  tarapyndan zehinli  talyp  ýaşlarynyň  arasynda  “ZEHINLI  ÝAŞLAR” atly  bäsleşigi  geçirildi. 
      Hormatly  Prezidentimiz    «Ýaşlar– Watanyň daýanjy » atly  kitabynda: «Her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimizde ylym ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berýäris» diýip  belleýär.  Hut şu   parasatly   sözlerden   görnüşi  ýaly,  geljegimiz  bolan  ýaş  nesilleriň   ylymly,  bilimli,  maksada okgunly bolup kemala  gelmegi  boýunça  giň  gerimli  işler   durmuşa   geçirilýär. Şeýle  maksat  bilen  geçirilen bu  bäsleşikde  talyplar  zehinlerini,  öz  alýan  bilimlerini  dürli  dillerde  okap,  gürläp  bilmek  ukyplaryny    açyp  görkezdiler. 
       Bu  bäsleşige  mekdebimiziň  I-II  ýyl  talyplaryndan  düzülen  toparlar  gatnaşdylar. Bäsleşik  3  şertden  ybarat bolup, talyplar  1-nji  şertinde  Türkmenistanyň  taryhy,  iňlis  dili,  rus dili,  psihologiýa we  pedagogikanyň  esaslary,  häzirki  zaman  komýuter tehnologiýalarynyň  esaslary   derslerinden  düzülen  dürli  soraglara  jogap  bermekde  ýaryşdylar.  Soňra  2-nji  şertinde  türkmen, iňlis,  rus  dillerinde  ýalňytmaçlary  aýtmakda  ýaryşdylar.  Bäsleşigiň  3-nji  şertinde  bolsa,  türkmen  we  daşary  ýurt  klassik,  estrada,  kinofilmlerden  alynan  aýdymlardan  bölekleri  diňlemek  bilen  ýaryşdylar.  Zehinli  ýaşlardan  düzülen  toparlar  diýseň  çekeleşikli,  gyzgalaňly  bäsleşdiler. Emin  agzalar  talyplaryň  zehinlerine  görä  baha  berdiler  we  bu  bäsleşikde  I  orna  “Sungat”  topary , II  orna  “Owaz”   topary,  III  orna  “Ýyldyz”  topary, höweslendiriji  baýraga  bolsa  “Güneş”  topary  eýe  boldular.  Bäsleşikde  öz  zehinlerini  görkezen,   bäsleşen    talyplara   hormat  hatlary  we  sowgatlar  gowşyryldy. 
             Gahryman  Arkadagymyzyň, Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň  taýsyz  tagallalary  netijesinde   milli  medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy  gadymy  şöhratly  taryhymyzy  dünýä ýaýmakda  alyp  barýan  uly  işleri üçin dabara  gatnaşyjylar    köp  sag bolsun  alkyşlaryny  aýtdylar.   
           Türkmen  Halkynyň  Milli  Lideri,   Gahryman  Arkadagymyzyň, Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň  janlarynyň  sag, başlarynyň  dik, döwlet ähmiýetli,   il bähbitli tutýan tutumly  işleri  rowaçlyklara  beslenmegini  tüýs  ýürekden arzuw   edýäris!  

 Hudaýberenowa  Bägül  
 Maýa   Kulyýewa  adyndaky 
 Türkmen milli  konserwatoriýasynyň 
 ýanyndaky  Daňatar  Öwezow  adyndaky 
 Türkmen   döwlet   ýörite  sazçylyk 
 mekdebiniň  “Aýdym aýtmak sungaty”
 bölüminiň II  ýyl  talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219