Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan konsert


     Dekabr aýynyň 16-na Gülzemin söwda we dynç-alyş merkezinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli “Köňüllerde Täze ýylyň joşguny!” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi diýseň täsirli boldy. Konsertiň dowamynda Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Aýdym aýtmak sungaty”, “Kirişli saz gurallary”, “Hor dirižýorlygy we Saz mugallymçylygy”, “Horeografiýa sungaty”, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölümleriniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde şowhunly aýdym-sazlar ýaňlandy. Konsert simfonik orkestriň we hor toparyň ýerine ýetirmeginde “Arkadagly Gahryman Serdarymyz” aýdymy bilen başlandy. Talyp A.Abdyllaýewanyň ýerine ýetirmeginde “Amerikan aýdymy”, talyp M.Muhammedowyň ýerine ýetirmeginde azerbaýjan aýdymy “Paýz geldi”, talyp S.Rejepowanyň ýerine ýetirmeginde “Gazak aýdymy”, talyp L.Mädalyýewanyň ýerine ýetirmeginde “Fransuz aýdymy”, talyp L.Sugtyýewanyň ýerine ýetirmeginde “Rus aýdymy”, talyplar N.Aganazarowyň, O.Garahanowanyň ýerine ýetirmeginde “Özbek aýdymy”, talyp Ý.Serdarowyň ýerine ýetirmeginde "Söýgi aýdymy” ýaňlanyp tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Konsertiň soňunda “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň mugallymy B.Çerkezow “Täze ýyl”  aýdymyny ýerine ýetirdi.          
     Täze ýyl baýramçylygy örän üýtgeşik jadyly baýramçylyk bolup, ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, uly-uly umytlara, owadan arzuwlara besleýär. Dabara gatnaşyjylar Täze ýyl baýramy bilen  Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutladylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
                       
Nurana Annaberdiýewa
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
 ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky                                                                      
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň 
“Zenanlar guramasynyň” başlygy





Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219