Ylmy-usuly maslahaty

Ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagy, nazary bilimleri kämilleşdirmegi, sanly tehnologiýalary özleşdirmek bilen öňdebaryjy tejribeleri öwrenmegi Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Häzirki wagtda okatmagyň usulyýetinde täze tehnologiýalar ýagny, kompýuter, öýjükli telefonlar, internet sahypalary, programmalar her bir mugallym üçin zerur hasaplanylýar.“Sazyň taryhy we nazaryýeti”  derslerinde geçilýän temalary talyplaryň çalt özleşdirmekleri üçin döwrebap tehnologiýalaryň dürli mümkinçiliklerini ulanmak bilen  amala aşyrýarys.
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminde “Okuw sapaklarynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň ähmiýeti we okatmagyň tejribede toplanan täsirli usullary” atly ylmy-usuly maslahaty geçirildi. Ylmy-usuly maslahatyna bölümiň talyplary we mugallymlary, mekdebimiziň direktory we direktoryň orunbasary hem gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda bölümiň müdiri Baýryýewa S.S. bölümde alnyp barylýan işler barada aýdyp berdi. Bölümiň meýilnamasy boýunça geçirilýän bu maslahatda çykyş edýän mugallymlar bilen tanyşdyrdy we olara üstünlik arzuw etdi.
Bölümiň mugallymlary Orazmuhammedowa M. A. “Dünýä sungatynyň taryhy” dersinde sanly ulgamyň peýdasy we täsiri”,  Geldibaýewa L. H. “Saz edebiýaty” derslerini okatmakda häzirki zaman usullar”, Matdurdyýewa L.N. “Saz edebiýatyny” okatmagyň häzirki zaman meseleleri”,  Aýdogdyýewa B.A. “Emeli aň: düzüji generatorlarynyň we programmalaryň okuw derslerinde ulanylyşy”,   Haýdarowa O. K. “Täze tehnologiýalaryň üsti bilen “Türkmen saz edebiýaty” dersini geçmekde ulanýan usullarym”,  Jumaýewa M.Ç. “Garmoniýa” dersinde heňi garmoniýalaşdyrmakda funksiýalary dogry anyklamak” ýaly temalar bilen çykyş etdi. Mugallymlar öz çykyşlarynda derslerde ulanylýan sanly ulgamlary, gyzykly programmalary barada gürrüň berdiler. Çykyşlar talyplarda uly gyzyklanma döretdi. 

Maýa Kulyýewa adyndaky 
TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky
TDÝSM-niň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” 
bölüminiň mugallymy Orazmuhammedowa M.A.


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219