Wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi

      Ýakynda mekdebimizde wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi. Ýygnagy mekdebiň direktorynyň orunbasary Baýramow S. E. açdy hem-de  “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän beýik sepgitleriň halkymyzyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylýandygyny, halkymyzyň ýurdumyzyň şu güni we geljegi bolan ýaşlary milli ruhda terbiýelemek baradaky meselä aýratyn ähmiýet berýändigini, milli ýol-ýörelgelerimizi ýaşlaryň kalbyna, aňyna siňdirip, olary gadymdan gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzyň mysalynda terbiýelemekligiň mukaddes borçdugyny belläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän döwründe ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek, ses beriji we beýleki partlaýjy serişdeleriniň ulanylmagynyň öňüni almak maksady bilen talyp ýaşlara tertip-düzgini berjaý etmeklerini tabşyrdy. Ýygnaga Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň bölüm müdiri polisiýanyň maýory Batyr Berkeliýew, Türkmenistanyň Jenaýat agtaryş müdirliginiň bölüm müdiri polisiýanyň maýory Serdar Akmammedow, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň wekili polisiýanyň podpolkownigi Juma Pygyýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Resul Hojaberdiýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygy boýunça esasy hünärmeni  Meretgül Taganmyradowa, Türkmenistanyň Demirýol ulaglary ministrliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy
Myrat Goşaýew, Aşgabat şäheriniň Talyplar saglyk öýüniň lukmany Şemşat Arabowa dagy çyky etdiler. Wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar ata-babalarymyzyň  öwüt-ündewlerine, ýörelgelerine eýerip, ýaşlaryň halal zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmaklaryny arzuw etdi. 
      Çykyşyň ahyrynda, döredilýän mümkinçilikleriň ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň belent bolmagyny arzuw etdiler. 
    
Maýa Kulyýewa 
adyndaky TMK-nyň  ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň 
mugallymy Geldibaýewa Laçyn

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219