“KSG” bölüminiň “Täze ýyl” baýramçylygy mynasybetli Hasabat konserti

Berkarar Döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara Parahatçylyk we yanyşmak ýylynda her bir günümiz toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär. Asuda ata-watanymyzda taryhy wakalar ösüşler, özgerişler barha bat alýar. Şunuň ýaly döwletli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda ýaşlara bilim bermek olary öz okaýan hünärlerinde has-da höweslendirmek, sungatymyzyň we medeniýetimiziň gülläp ösmegi üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri saýasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde “Täze ýyl” baýramçylygy mynasybetli “Kirişli saz gurallary” bölüminiň hasabat konserti geçirildi. Konsertde mekdebimiziň “Kirişli saz gurallary” bölüminiň özüniň baýramçylyk programmasy bilen çykyş edip tomaşaçylary baýramçylyk ruhuna aralaşdyrdy.
Konsertiň dowamynda daşary ýurt kompozitorlaryň sazlary ýaňlandy. Talyplar konsertiň dowamyda ajaýyp sazlaryny çaldylar. Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň görnükli kompozitorlaryň biri bolan Röwşen Nepesowyň “Zenana söýgi bilen” diýen çuňňur emosional eseri ýaňlandy. Mekdebimiziň “Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymy Muhammetdurdy Rahymow, Aýlar Hojalekowa we Reýhan Bagdasarowanyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp saz ýaňlandy. Ýaňlanan sazlar tomaşaçylary baýramçylyk ruhuna aralaşdyrdy. Tomaşaçylar çykyşlardan lezzet alanlaryny aýtdylar. Konsertiň ahyrynda bölüm müdiri Muhammetdurdy Rahymow talyplaryň we mugallymlaryň ylymda, bilimde we döredijilikde öz mümkinçiliklerini ulanyp bilmekleri üçin şertler döredip berýän, ýurdumyzy ösüşlere öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdy.

Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky 
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň 
“Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymy: Dünýägözel Toýlyýewa.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219