Ýatlama konserti

        Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet Ýörite sazçylyk mekdebiniň konsert zalynda Türkmenistanda at gazanan medeniýet işgäri, halypa mugallym Gurbandury Rahymowyň doglan gününiň 75 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama konserti geçirildi. Gurbandurdy Rahymow 1950-nji ýylda Awgust aýynyň 6-na, ýöne şol döwüriň käbir sebäplerine görä ony Dekabr aýynyň 6-na doglan diýip belleýärler. Ol Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň “Mehinli” obasynda dogulýar. Onuň kakasy, Rahymberdi Amandurdyýew Kaka etrabynyň mekdebinde mugallym bolan. “Elinden gelmeýän zat ýok” diýilşi ýaly Rahymberdi aga obasynda ökde ussa bolup adamlaryň söýgüsini gazanan. Ejesi bolsa Ogulbibi Atakişiýewa öý hojalykçy bolan, emma Ýaşlygynda teatra bolan söýgüsi uly bolup, Ogulbibi eje teatryň çeper höwesjeňler gurnagyna kän gatnaşýar. Gurbandurdy kiçiliginden radiolarda göýberilýän sazlar kän diňleýän eken. Mylly Täçmyradow, Sahy Jepbarow ýaly ussatlaryň halk sazyny diňlän kiçijik Gurbandurdy öz eli bilen gyjak ýasaýar. Eýýam şol wagty ol özüniň sazanda boljagyny bilen ýaly orta mekdebini tamamlap Aşgabada gaýdýar. 1968-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetine Fizika Matematika fakultetine synanyşmaga gelen Gurbandurdy Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk uçilişesine okuwa girýär. Saz gural saýlamaly bolanda elbetde gyjagy saýlaýar. “Milli saz gurallary” bölümine girýär. Saz älemine elini uzadan we ilkinji mugallymy bagşy sazanda Begmyrat Gutlymuradowyň elinde okap başlaýar. Durmuşda öz ornuny saz çalmakda tapýar. Ol ýuwaş-ýuwaş ussat sazandalar bilen tanyş bolýar. Mugallymyň berýän sapaklaryny Ökdelik bilen özüne siňdirýän Gurbandurdy Rahymow okuwynyň 2-nji ýylyny tamamlap Harby gullugyna gitmeli bolýar. 1970-nji ýylda Ol Gyzylarbadyň sazçylyk rotasynda gulluk edýär we Üflenip çalynýan saz gurallarynda saz çalmagy öwrenýär. Harby rotasy bilen Taşkent şäherinde, 15 respublikanyň arasynda geçirilýän bäsleşikde 1-nji orna mynasyp bolýar. Harby gullugyny tamamlap Gurbandurdy okuwyny dowam edýär. Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk uçilişany tamamlap 1974-nji ýylda sungat Institutyna okuwa girýär. Bu ýerde Skripka mugallymy Naum Borisowiç Şimanowskide okamaga berkidilýär. Sungat Instituty tamamlap Gurbandurdy Rahymow yzyna Kaka etrabyna gitmekçi bolýar. Emma ony Aşgabatda Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk uçilişesinde alyp galýarlar. Ol mugallym bolup işläp başlaýar. Gurbandurdy mugallym Döwlet Filarmoniýasynyň Milli saz gurallary topary, Annageldi Jülgäýewiň ýolbaşçylygynda SSSR Döwletiň ähli künjeginde konsert bererdiler. Ussady, baran ýerinde gujak açyp garş alardylar. Ol mugallym bolup dürli mekdeplerde işläpdi. Uzak wagt mekdebimiziň “Milli saz gurallar bölüminiň” müdiri bolup işleýär.  “Mekdebimizde ençeme ýyl direktoryň okuw işleri boýunça orunbasary bolup işledi. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri ady dakylýar. Gurbandurdy mugallymyň agzybir maşgalasynda 3 ogly 2 gyzy we 8 agtygy bar.
     Konsertiň başynda uly hormat bilen Mekdebimiziň direktory Kerimow Merdangeldi Berdimyradowiç we direktoryň okuw işleri boýunça orunbasary Baýramow Serdar Ezizgulyýewiçe söz berildi Gurbandurdy Rahymow barada hoşallyk sözlerini aýtdylar. Kerimow Merdangeldi Berdimyradowiç  “Gurbandurdy Rahymowyň elinden 1000-den gowurak okuwçy çykdy. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde işläp zähmet çekýän talyplary gelip biragyzdan minnetdarlyk sözlerini kän aýdardylar. “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda, asuda asmanly diýarymyzda işlemäge, okamaga, döretmäge berilýän mümkinçilere Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de döwlet işlerinde üstünlikler arzuw edýäris” diýdi. Konsertiň dowamynda mekdebimiziň halypa mugallymy Öwezowa Aýna Daňatarowna: “Gurbandurdy Rahymow barada aýdanmyzda ol mähire siňen öz ýüregini saza, işine, okuwçylara beren adam diýsek bolýar. Örän mylaýym, ýumşak we päk ýürekli adamdy. Öz işini aňyrbaş ýerine ýetirerdi. Öz talyplary hakda elmydama aladalar ederdi” diýdi. Konsertiň arasynda halypa mugallym Sylap Tüýliýew, Halow Muhammetgulyýew, Babaýans Ninel dagylar ýagşy sözlerini aýtdylar. Döwrümiziň halypa kompozitory Meret Annamyradow öz gezeginde “Gurbandurdy Rahymow menden uly bolsada biz dostduk. Ýaşap geçen ömründe ýüzlerçe ökde sazandalary ýetişdirdi. Öz ogly, Muhammetdurdy Rahymowyň hem, skripka saz guraly ugrunda mugallym bolup mekdebimizde ençeme ýyl bäri zähmet çekýänine hem uly buýsanç bilen aýdardy. Biz hem öz gezegmizde Gurbandurdy Rahymow ýaly adamy tanaýanymyza begenýäris. Yzyndan daragt goýup gideni hem buýsandyrýar” diýdi.
Konsertde Spartak Atakowyň, Meýlis Myratgeldiýewiň, Fortepiano bölüminiň 4-nji ýyl talyby Jemşit Galpakowyň ýerine ýetirmeginde aýdymdyr-sazlar ýaňlandy. Eziz Jumanyýazowyň dirižýorlyk etmeginde “Kirişli saz gurallar” kamera orkestri saz çaldy. Mekdebimiziň “Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymy Muhammetdurdy Rahymow bilen Reýhan Bagdasarowanyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp saz ýaňlandy. Aýlar Hojalekowa bilen Kadyr Dolyýewiň öz gezeginde ajaýyp saz çaldylar. Konsertiň ahyrynda Medeniýetimiziň hak howandary Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýtdylar.

Konserti gurnan “Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymy Muhammetdurdy Rahymow. Konserti alyp baran “Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymy Toýlyýewa Dünýägözel Çaryýewna.
 
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky 
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň
 “Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymy: Dünýägözel Toýlyýewa.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219