Täze ýyl mynasybetli konsert

     Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň konsert zalynda Dekabr aýynyň 18-ne “Krişli saz gurallary” bölüminiň mugallymlary Ýazberdi Jepbarow bilen Dünýägözel Toýlyýewanyň talyplarynyň bilelikdäki synp konserti geçirildi.
Konsertde “Kirişli saz gurallary” bölüminiň I-nji ýyl talyby Baky Bäşimow, II ýyl talyplary Aýgül Begençmuhammedowa, Gunça Işdöwletowa, III ýyl talyby Merjen Öwezowa çykyş etdiler. Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda konsert mähirli we döredijilikli geçdi we tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Konsertde daşary ýurt kompozitory Antonio Wiwaldiniň “Ýyl pasyllary” atly konsert toplumynyň “Gyş” hem-de “Tomus” atly bölümleri ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň görnükli kopmpozitory Nury Halmämmedowyň eserleri ýaňlandy. Mundan başga-da Sen-Sans, Rimskiý-Korsakow, Žýul Massne, Jowanni Tartini, Ottokar Nowaçek ýaly daşary ýurt kompozirlaryň eserleri hem ýaňlandy.
Konserte gatnaşanlar işlemäge, okamaga, döretmäge berilýän mümkinçilere Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de döwlet işlerinde üstünlikler arzuw etdiler.

Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky 
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň 
“Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymy: Dünýägözel Toýlyýewa.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219