Tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde 2025-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabarada mekdebiň direktory Merdangeldi Kerimow, direktoryň okuw we terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Serdar Baýramow, Önümçilik tejribeliginiň ýolbaşçysy Sähra Baýryýewa, “Umumy ynsanperwerlik we durmuş ykdysady dersler toplumy” bölüminiň müdiri Şirin Rejepowa dagylar ajaýyp eseri maňlaýlaryna sylmak bilen buýsançly çykyş etdiler. Çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň mazmuny barada gürrüň berip, türkmeniň parahtasöýüjilik mekdebiniň Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Bitaraplykda dabaralanýandygyny aýdyň beýan etdiler. Çuň many-mazmuna ýugrulan täze kitapda türkmen Bitaraplygynyň geçen ýoly, Bitaraplygyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýetiniň giňden beýan edilendigini nygtadylar. Kitabyň üç dilde — türkmen, rus we iňlis dillerindedigi, suratlar bilen bezelendigi görkezildi hem-de Hormatly Prezidentimiziň halkara forumlarda eden çykyşlaryny we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda baglaşylan halkara ylalaşyklaryny aýdyň görmek bolýandygy barada talyplara beýan edildi. Şeýle hem, dünýä ýurtlaryna dost-doganlyk gatnaşyklaryny wagyz ediji hökünde çykyş edýän Türkmenistan ýurdumyzda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň rowaçlyklary, ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň häzirki zaman durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýandygy barada aýdylyp geçildi.
«Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” kitabyndan Hormatly Prezidentimiziň : “Hatda perzentlerine berilýän terbiýe hem şeýle aýratynlyklar bilen gurşalypdyr. Hüwdülerden başlap, döredilýän her bir eserde, aýdylýan her bir sözde, ýazylýan setirde parahatçylyk, agzybirlik, ylalaşyk, arkalaşyk düşünjeleri öňe sürlüpdir. Türkmen sungatynda, edebiýatynda, folklorynda we däp-dessurlarynda parahatçylygyň, ýagşylygyň hem-de dostlugyň keşpleri ap-aýdyň görünýär. Gysga sözde beýan etsek, bitaraplyk ruhy her bir türkmeniň dünýägaraýyşyna hem-de ýaşaýyş-durmuş pelsepesine ymykly ornaşypdyr. Bu biziň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerimize doly laýyk gelýär. Şonuň üçin häzirki döwürde “Bitaraplyk” düşünjesi “Türkmen” ýa-da “Türkmenistan” sözleri bilen manydaş ýaňlanýar” diýen çuň manyly sözleriniň mysal getirilmegi has-da täsirli boldy.
Dabaranyň dowamynda çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň bu eseriniň talyplaryň we mugallymlaryň ýan kitaplaryna öwrülip, Bitaraplygyň parahatçylykly ýaşaýyşy üpjün etmekdäki wajyplygy, ynsanperwerlik, rehimdarlyk, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ähmiýetini öwretmekde gymmatly gollanma bolup hyzmat etjekdigine uly ynam bildirdiler. Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda ajaýyp kitaby halkymyza peşgeş beren Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözleri dabara gatnaşyjylaryň jemleýji senasy hökmünde belentden-belent ýaňlady.
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet
ýörite sazçylyk mekdebiniň Önümçilik tejribeliginiň
ýolbaşçysy Sähra Baýryýewa