Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
Döwletliler köşgüniň baýramçylyk öwüşgininde bezelen zalynda Täze ýyl mynasybetli dabara geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Döwletliler köşgünde terbiýelenýänleri baýramçylyk bilen gutlamaga Aýazbabadyr Garpamyk, ýetip gelen 2026-njy ýylyň nyşany bolan bedew atyň lybasyndaky çagalar, ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri geldiler.
Çagalara dürli süýjüliklerden we ter miwelerden, okuw esbaplaryndan, interaktiw serişdelerden ybarat sowgatlaryň gowşurylmagy olaryň şatlygyny has-da artdyrdy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen täze ýylyň hormatyna guralan dabarada Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara saz gurallary hem gowşuryldy. Munuň özi olarda ýakymly täsirleri galdyrdy diýlip, habarda bellenilýär.