“Kirişli saz gurallary” bölüminiň uçurymlarynyň KONSERTI
“GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT- MYRADYŇ MEKANY” ýylynda türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen türkmen halkynyň medeniýeti, sungaty görülip eşidilmedik derejelere we uly sepgitlere ýetdi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde ägirt işleri alyp barýar. Ine şu gün hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Kirişli saz gurallary” bölüminiň uçurymlarynyň konserti geçirildi. Konsertiň başynda talyplar medeniýet we sungat işgärlerine işlemäge, döretmäge, ýaşlarymyza öwrenmäge, konsertleri gurnamaga berilýän mümkinçiliklere Gahryman we Mähriban Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdy.
Konsert örän şowhunly we şatlykly ýagdaýda geçirildi. Konsertde talyplar özleriniň iň naýbaşy eserlerini çaldylar.
Baý medeniýetimizi ösdürmäge, dünýä ýaýmakda edilýän aladalary üçin Mähriban Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys. Goý Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, röwşen ömürleri uzak bolsun.
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky
Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
“Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymy: Toýlyýewa Dünýägözel.