Ilkinji sapak geçirildi
Ilkinji sapak geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
2025-nji ýylymyzyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” yglan edilmegi mynasybetli ýanwar aýynyň 27-sine Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimizde 2024-2025-nji okuw ýylynyň 2-nji ýarymynyň başlanmagy bilen ilkinji okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyna mekdebiň ähli talyp ýaşlary we mugallymlary gatnaşdylar. Okuw sapagyny “UY we DYD” bölüminiň mugallymy Amangulyýewa E., mekdebiň zenanlar guramasynyň başlygy Annaberdiýewa N. we “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölümini mugallymy Aýdogdyýewa B.A. geçirdiler. Okuw sapagynyň başynda mugallym Amangulyýewa E. çykyş edip, öz çykyşynda Bitaraplygyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdi. Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitaplary barada gyzykly gürrüň berdi. Talyplar bilen sorag-jogap alyşdy. Okuw sapagynda “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlary gezekli-gezegine ýerine ýetirdiler. Talyplaryň ýerine ýetiren aýdymlary diýseň täsirli boldy. Soňra okuw sapagynda “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy Aýdogdyýewa B.A. çykyş etdi. Ol parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýändigi barada belledi. Okuw sapagynyň soňunda mekdebimiziň zenanlar guramasynyň başlygy Annaberdiýewa N. çykyş etdi. Sözüniň başynda mugallymlary we talyplary 2024-2025-nji okuw ýylynyň 2-nji ýarymynyň başlanmagy bilen gutlady. Mugallym öz çykyşynda täze taryhy döwürde döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny we halkymyzyň gadymdan gelýän parahat söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik we myhmansöýerlik däplerini Ýer ýüzünde şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana uly buýsanç, çäksizs söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi barada durup geçdi. Bu ýylda göz öňünde tutulýan işler barada aýtdy.
Okuw sapagynyň soňunda oňa gatnaşýan mugallymlar we talyplar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.
Şeýle-de şol gün mekdebimiziň kitaphanasynyň guramagynda kitap sergisi hem geçirildi. Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary hem-de dürli kitaplar görkezildi.
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy
Aýdogdyýewa B.A.,
Ýaşlar baýragynyň eýesi