Döredijilik bäsleşigi

       
       Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Gahryman Prezidentimiziň türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilim almaklary üçin edýän taýsyz tagallalarynyň esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça döwrebap bilim almaklary üçin gönükdirilen ylmy gözleglerini amala aşyrmaklaryna goldaw bermek we olary höweslendirmek maksady bilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda mekdebimiziň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň IV ýyl talyplarynyň arasynda “Türkmen saz edebiýaty” dersi boýunça ýyllyk işi boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde mekdebimiziň direktorynyň orunbasary Baýramow S.E. we “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň halypa mugallymlary emin agza boldylar. Talyplar gezekli-gezegine özleriniň taýýarlan prezentasiýalary bilen çykyş etdiler. “Türkmen professional saz sungatynda “Saýatly-Hemra” dessany”, “Röwşen Nepesowyň “Ýunus. Ruhy gözlegleriň jülgesi” atly simfonik poemasynyň saz dramamaturgiýasynyň aýratynlyklary”, “Nurýagdy Baýramowyň döredijiligi we onuň bagşylar dinastiýasynyň kemala gelmegi”, “Amandurdy Agajykowyň döredijiliginde bir bölümli konsert-poema žanry”, “Magtymguly Pyragynyň poeziýasynyň türkmen saz sungatyndaky beýany”, “Daňatar Hydyrowyň kamera-wokal döredijiliginde milliligiň alamatlary”, “Simfoniki poema žanrynyň taryhy ösüşi we M. Annamyradowyň “Oguzlaryň oýunda” eseriniň saz-derňewi” ýaly gyzykly temalarda çykyş etdiler. Bäsleşik diýseň çekeleşikli geçdi. Emin agzalaryň netijesi bilen I orna Weliýewa Ogulgerek (mugallym Aýdogdyýewa B.A. ýolbaşçylygynda), II orna Saparowa Umida (mugallym Orazowa J.G. ýolbaşçylygynda), III orna Hojatowa Gülälek (mugallym Geldibaýewa L.H. ýolbaşçylygynda) mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. 

Maýa Kulyýewa adyndaky
TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky
TDÝSM-niň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” 
bölüminiň mugallymy Aýdogdyýewa B.A.
  

Paýlaş

20/02/2026

KONSERT!

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219