“Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”
“Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary mynasybetli Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli wagyz nesihat çäresi geçirilip, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän parahatçylyk dörediji daşary syýasy, sebitde we dünýäde durnukly ösüşiň we abadançylygyň hatyrasyna durmuşa geçirilýän beýik işler dogrusynda birnäçe gürrüňler edildi. Çärede mekdebiň direktory M.B.Kerimow, Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy A.Ý.Mämmedow, Ýaşlar guramasynyň başlygy H.Ş.Nazarow mugalymlar we talyplaryň gatnaşmagynda at-owazasy äleme dolan ýurdumyzda her ýyly özboluşly, halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine laýyk, döwrebap şygar bilen atlandyrylýandygy dogrusynda birnäçe wagyz nesihat gürrüňler edildi. Il arasynda “Haýsy ýurtda asudalyk, parahatlyk, agzybirlik bar bolsa, şol ýurt toý-baýramlara, taryhy wakalara baýdyr” diýen ajaýyp aýtgy bar. Ýygnakda sungat, döredijilik adamsynyň şanly wakalara, toý-baýramlara watanymyzy, tebigatymyzyň gözelligini, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işlerini wasp edýän aýdym-sazlary ýokary derejede ýerine ýetirmek, yzygiderli hünäriňi kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirijilkde türgenleşmek ýaly meseleleriň hem üstünde durlup geçildi. Ýygnagyň ahyrynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagyly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdylyp wagyz-nesihat çäresi tamamlandy.
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet
ýörite sazçylyk mekdebiniň Zenanlar guramasynyň
başlygy Nurana Annaberdiýewa