BEDEW BATLY ÝEŇIŞLERIŇ MEKANY!
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň jadyly gyşynda, Russiýa Federasiýasy tarapyndan gurnalan “Gyş simfoniýasy 2025” hem-de “Jadyly gyş 2025” atly bäsleşiklerinde, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konseratoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Kirişli saz gurallary” bölüminiň talyplary hem mugallymlary mynasyp orunlardyr, minnetdarlyk hatlaryny gazandylar. Bäsleşik 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 30-na geçirildi. Geçirilýän şular ýaly bäsleşikelerde ýaşlarymyz tarapyndan gazanylýan üstünlikler, eziz diýarymyzda, ýaşlarymyzyň hünär derejeleriniň ýokarlandyrmak barada aýratyn alada edilýänligini, talyp-ýaşlara belent sarpa goýulýandygyny ýene-de bir ýola äşgär etdi.
“Gyş simfoniýasy 2025” atly III halkara instrumental ýerine ýetirijilik bäsleşiginde – “Ilkinji gezek (okuwyň birinji ýyly)”, adyna dalaşgär bolan “Kirişli saz gurallary” bölüminiň I ýyl talyby Bäşimow Baky Maksatmyradowiç “III derejeli laureat” diplomyny gazandy. “Gyş simfoniýasy 2025” atly bäsleşikde – “Ýekelikde çykyş etmek”, adyna dalaşgär bolan “Kirişli saz gurallary” bölüminiň III ýyl talyby Merjen Öwezowa “I derejeli dimlomant” ada eýe boldy. “Jadyly gyş 2025” atly II halkara köp žanrly bäsleşiginde – “Instrumental ýerine ýetirijilik” we “Ýekelikde çykyş etmek” atlaryna dalaşgär bolan “Kirişli saz gurallary” bölüminiň IV ýyl talyby Jennet Abduraşidowa “I derejeli laureat” diplomyna mynasyp boldy. “Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymlary Ýazberdi Jepbarow, Mekan Öwezow, Muhammetdurdy Rahymowa minnetdarlyk hatlary berildi. Sazandarlyk eden mugallymlary Aýgül Gowşutgulyýewa bilen Sabir Kulmammedowa hem minnetdarlyk hatlary berildi. Sylaglanan talyplar hem-de mugallymlar Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriniň dabaralanmagynyň ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna buýsanç bilen söz berdiler.
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň “Kirişli saz gurallary”
bölüminiň mugallymy:Toýlyýewa Dünýägözel.