“Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymlarynyň konserti

     “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Ata-Watanymyz ösüşiň kämil derejesi bilen bagta barýan ak ýollarda batly gadamlar bilen ynamly öňe barýar. Eziz ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, kämil dünýägaraýyşly, Watana wepaly nesiller bolup ýetişmeklerini gazanmak, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bu gün hem okuwumyzda “Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymlary özleriniň dürli häsiýetli eserleri bilen çykyş etdiler. Konsertiň başynda “Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymy Seýitmyrat Orazow Maks Regeriň “Alt üçin sýuitasy” bilen çykyş etdi. Soňra Şemşat Gurbanowa Rihard Wagneriň “Romans” eserini ýerine ýetirdi. Sazandarlyk eden Bagdasarowa Reýhan. Ýazberdi Jepbarow Tofik Kulyýewiň “Sänädä galmaz” eserini ýerine ýetirdi. Sazandarlyk eden Amanowa Merjen. Lýudwig Wan Bethoweniň №4 sonatasyny bölümiň mugallymy Dünýägözel Toýlyýewa ýerine ýetirdi. Sazandarlyk eden “Fortepiano” bölüminiň 4-nji ýyl talyby Jemşit Galpakow. Aýna Kasymowa, Elina Keworkowa we Merdanberdi Baýramow Ýozef Gaýdnyň “Kirişli trio” eserini çaldylar. Sazandarlyk eden Merjen Amanowa. Wiolonçel saz guralynda Aýlar Hojalekowa Ogulgerek Dinç bilen Nury Halmämmedowyň “Poemasyny” ýerine ýetirdiler. Aşyr Kulyýewiň “Skripka we orkestr üçin konsert” II bölümini we Rolf Lowlandyň “Diwertisment” atly eserlerini, “Kirişli saz gurallary” hem-de “Fortepiano” bölümleriň mugallymlary-Muhammetdury Rahymow, Reýhan Bagdasarowa dagylar ýerine ýetirdiler. Wiolonçel saz guralynda Dawid Popperiň “Wenger Rapsodiýasy” atly eserini Merdanberdi Baýramow ýerine ýetirdi. Sazandarlyk eden Ogulgerek Dinç.
Konsertiň soňunda “Kirişli saz gurallary” bölüm müdiri Muhammetdurdy Rahymow: “Bilim bermek, öwretmek, öz hünär tejribäňi paýlaşmak türkmen halkynyň arasynda örän irki döwürden gelýän gowy we peýdaly däpleriň biri bolup durýar. Halypa-şägirdiň birinji iş ýolbaşçysy. Bilim, tälim berijisi, hemme wagt şägirdine maslahatçysy. Saýlap alan hünärini kämilleşdirmek ýoluny görkezýän, öz işiniň ussadydyr” diýdi. “Halypanyň elinde tälim alan şägirt, ol eýýam kämillige gol beren ynsandyr. Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanda halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmegi boýunça giň şertler döredilýär. Ata-Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli ilhalar hünärmenler bolup ýetişmeginde, halkymyzyň ruhy-ahlak ýoly bolan halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmegiň ähmiýeti uludyr. Türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, röwşen ömürleri uzak bolsun” diýdi.

Konserti gurnan “Kirişli saz gurallary” 
bölüminiň müdiri: Muhammetdurdy Rahymow.

“Kirişli saz gurallary” bölüminiň 
mugallymy: Dünýägözel Toýlyýewa

Paýlaş

20/02/2026

KONSERT!

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219