Batly ýaňlansyn sesiň !

      Saz her bir ynsanda dürli duýguny oýaryp, diňleýjisini biparh goýmaýar. Şonuň üçinem saz ynsanyň göwün syrdaşy diýsek hem ýerlikli bolar. 
    Biziň halypa bagşylarymyzdan hem-de sazandalarymyzdan miras galan aýdym-sazlarymyzy häzirki zaman ýaş zehinli talyp bagşydyr sazandalar hem ürç edip ýerine ýetirýärler. Ýaş bagşy we sazanda talyplaryň radiodyr teleýaýlymlardaky yzygiderli çykyşlary halkymyzyň söýgüsine mynasyp bolup gelýärler. Şeýle dabaraly konsertleriň biri hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň 4-nji ýyl talyby Tylla Berdiýewa tarapyndan geçirildi.
    Bu konsert “Türkmenistan bedew-batly at myradyň mekany” ýylyna bagyşlanyp onuň ýekelikdäki konserti boldy. Ol aýdan aýdymlary hem-de çalan sazlary bilen diňleýjilerde öz täsirini galdyrdy. Onuň ýerine ýetirijiligi diňleýjileriň dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Ol Orazmyrat Annanepesowyň döreden “Halypa hormat” sazyny hem-de “Aýralyk mukamyny”  atly halk sazyny ýerine ýetirende kämil sazanda bolup ýetişendigi äşgär etdi. Konsertiň dowamynda ol  Döwran Öwezgylyjowyň Myrat Ömüriň sözlerine döreden “Aýly gije”, türk aýdymçysy Emrahyň döreden “Götür Beni Gittiğin Yere” (“Meni nirä gitjek bolsaň alyp git”) aýdymlaryny şeýle-de “Dön göwnüm”, “Salamymny” atly türkmen halk aýdymlaryny başardygyndyndan ýerine ýetirdi. Onuň aýdan aýdymlaryna “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň 4-nji ýyl talyplary Rahymmyrat Garaberdiýew, Nurana Şöhradowa, Alp-Arslan Orunbaýew, “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň 3-nji ýyl talyby Merjen Amandurdyýewa sazandarlyk etdiler. Konsertiň ahyrynda Tylla Berdiýewa biz talyp ýaşlar üçin ukyp-başarnygymyzy kämilleşdirmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza türýs ýürekden sagbolsunlaryny aýtdy.

Baýramow Kerwen
M.Kulyýewa adyndaky TMK-nyň
ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň 
“Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň talyby 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219