Zemin gözelligi zenan!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, kalby enelere bolan söýgüden doly Gahryman Arkadagymyzyň hem Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlylygynda ýurdumyzda her ýylyň mart aýynyň 8-i halkara zenenlar güni diýip, uly dabara bilen, döwlet derejesinde bellenilip geçilýär. Maýa Kulyýwa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Kamera orkestri Türkmenistanyň içeri işleri ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminde “Zemin gözelligi zenan” atly baýramçylyk konserti geçirildi. Konsertiň dowamynda Nury Halmämmedowyň “Şükür bagşy” kinofilminden “Şüküriň galopy” ýaňlandy. Mekdebimiziň mugallymy Begdurdy Çerkezow Nury Halmämmedowyň “Keçpelek” kinofilmden “Keçpelek” we “Duran ýerleri”, ýaş kompozitor Yhlas Artykowyň Magtymguly Pyragynyň sözlerine döreden “Aýryldym”, Daňatar Hydyrowyň “Özgeleri diňledim” diýen aýdymlaryny ýerine ýetirdi. Daňatar Hydyrowyň “Ýaýla hüwdüsi” bilen “Baga seýle” atly halk aýdymyny Mämmet Nuryýew ýerine ýetirdi. Mekdebimiziň IV ýyl talyby Kemal Möwlamberdiýew Döwletgeldi Ökdirowyň “Gyratym” diýen aýdymyny ökdelik bilen ýerine ýetirdi. Konsertde dirižýorlyk eden Eziz Jumanyýazow hem-de Perman Miriýew.
Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda döwlet syýasatynda mähriban eneleriň, gelin-gyzlarmyzyň, zähmetsöýer zenanlarymyz barada hemmetaraplaýyn ýurdumyzda uly aladalar, ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Konserte gatnaşyjylar kalbymyzy, köňlümizi, ýüregimizi, ömrümizi, hususanam döwrümizi gülledýän hem-de ýylgyrdýan Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden hoşallyk sölerini aýtdylar.
Konserti gurnanlar: Eziz Jumaniýazow we Muhammetdurdy Rahymow
“Kirişli saz gurallary” bölüminiň
mugallymy: Dünýägözel Toýlyýewa