BAÝRAMÇYLYK DABARALARY “TÜRKMEN OWAZDA”


     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan watanymyzda zenan sarpasy ata-babalarmyzdan miras galan ýol-ýörelgeleriniň esasynda dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlylygynda gelin-gyzlar döwlet tarapyndan aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar. Mart aýynyň 6-na “Türkmen owazy” teleýaýlymynda “8 mart halkara zenanlar güni” mynasybetli baýramçylyk çykyşy ýaýlyma göýberildi. Joşgunly aýdym-sazlarda Türkmenistan watanymyzyň Bedew batly ösüşleri, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary hem-de Hormatly Prezidentimiziň baştutanlylygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleri wasp edildi. Çykyşda mekdebimiziň Simfoniki orkestriniň, aýdymçylar we tans çykyşlary ýaýbalaňdyryldy. Hezret Reýimbaýewiň sazyna “Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan-Bedew batly at-myradyň mekany” aýdymy mekdebimiziň mugallymlary Begdurdy Çerkezow bilen Oguljeren Seýidowa uly buýsanç bilen ýerine ýetirdiler. Rejep Gutlyýewiň “Dildar” aýdymy “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň talyby Ýusup Serdarow ýerine ýetirdi. Mekdibimiziň Simfoniki orkestri Eziz Jumanyýazowyň dirižýorlyk etmeginde Aman Agajykow-Röwşen Nepesow “Türkmen tango” belent ruha beslenen tansly çykyşlarynyň üsti bilen çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Orazgeldi Berdiýewiň “Boldum aşygy”, Nury Halmämmedowyň “Aýgytly ädim” kinofilmden “Artygyň aýdymy” mekdebimiziň mugallymy Mergen Ataýew ýerine ýetirdi. “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň talyby Muhammedow Muhammedaly Durdy Nuryýewiň “Soradym seni” aýdymyny ýerine ýetirdi.

Dünýägözel Toýlyýewa
“Kirişli saz gurallary”
bölüminiň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219