“Türkmen kompozitorlarynyň döredijilik” agşamy

    Türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň möhüm bölekleriniň biri bolan saz sungaty, ýaş nesliň kalbynda aýratyn orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde  “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy Laçyn Geldibaýewanyň gurnamagynda “Türkmen kompozitorlarynyň döredijilik” agşamy ýokary ruhubelentlikde geçirildi.   Döredijilik agşamy ýaş zehinleriň ukyp-başarnygyny açyp görkezmekde, olaryň türkmen  sungatyna bolan söýgüsini artdyrmakda aýratyn ähmiýete eýe boldy. Bu döredijilik agşamyna “Aýdym aýtmak sungaty”, “Kirişli saz gurallar” hem-de “Türkmen milli saz gurallar” bölümleriniň talyplary işçeň gatnaşdylar. Döredijilik agşamda çykyş eden talyplar türkmen kompozitorlaryň ajaýyp eserlerini ýerine ýetirip, tomaşaçylara ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň ýaşuly nesilleri bolan Daňatar Öwezow, Welimuhammet  Muhadow hem-de beýleki meşhur kompozitorlarymyz  Amandurdy Agajykow, Nury Halmämmedow, Hydyr Allanurow,  Rejep Rejebowyň  eserleri ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. “Şasenem-Garyp”, “Zöhre-Taryh”, “Gowgaly gije” operalaryndan ýerine ýetirilen aýdymlar agşama aýratyn öwüşgin çaýdy.
    Talyplaryň ýerine ýetiriş ussatlygy, olaryň sahna medeniýeti we duýguly çykyşlary tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Her bir çykyş sungatyň çuňňur many-mazmunyny açyp görkezdi we türkmen sazynyň özboluşlylygyny aýdyň beýan etdi. Çäräniň dowamynda sazandarlyk edýän mugallymlar Ataýewa Ýuliýa hem-de Amanowa Merjen talyplara ýokary derejede ýardam berip, çykyşlaryň sazlaşykly we täsirli bolmagyny üpjün etdiler.
     Bu döredijilik agşamy diňe bir çykyşlaryň jemlenmesi bolman, eýsem sungata bolan çuňňur hormatyň, ylhamyň we döredijilik ruhunyň dabaralanan pursaty boldy. Şeýle çäreler ýaş nesliň medeniýetli, döredijilikli şahsyýet bolup ýetişmegine uly itergi berýär.  “Türkmen kompozitorlarynyň döredijilik” agşamy gatnaşyjylaryň hem-de tomaşaçylaryň ýadynda uzak wagtlap saklanjak, ruhy taýdan baýlaşdyryjy çäreleriň biri hökmünde geçirildi.

Gülälek HOJATOWA,
“Sazyň taryhy we nazaryýeti”
 bölüminiň IV ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219