Ýeňiş güni mynasybetli konsert geçirildi.

        Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen  türkmen halkynyň medeniýeti, sungaty görülip-eşidilmedik derejelere we sepgitlere ýetdi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem türkmeniň medeniýetini we sungatyny ösdürmekde uly işler alyp barýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde “Kirişli saz gurallary” bölüminiň Ýeňiş baýramy mynasybetli taýýarlan hasabat konserti geçirildi. Konsertde bölümimiziň I-II-III ýyl talyplary özleriniň naýbaşy eserlerini ýerine ýetirdiler. Adrian Şapoşnikow, Röwşen Nepesow, Hudaýguly Magtymgulyýew, Çary Nurymow ýaly türkmen kompozitorlary bilen bir hatarda Kristian Sinding, Frans Şubert, Kamil Sen-Sans, Gaetano Punýani, Jon Wiliams, Frits Kreýsler, Kara Karaýew, Pýotr Ilýiç Çaýkowskiý ýaly daşary ýurt kompozitorlaryň eserleri ýerine ýetirilmegi hem, talyplaryň hünär derejeleriniň ýokarlanmaklygy üçin jan edýänliklerini ýene bir ýola äşgär edýär. Okuwymyzda bilim alýan talyplar ýurdumyzda berilýän mümkinçiliklerden dürs peýdalanyp, mugallymlaryň berýän tabşyryklaryny doly ýerine ýetirip, asylly däbe öwrülen halypa-şägirtlik ýolyny ýene bir ýana dowam etdirýärler. Konserti gurnan “Kirişli saz gurallary” bölüminiň bölüm müdiri Muhammetdurdy Rahymow konsertiň soňunda, asuda asmanly abadan ýurudmyzda okamaga, işlemäge, döretmäge berilýän mümkinçilikler üçin kalbymyzy, köňlümizi, ýüregimizi, ömrümizi, hususanam döwrümizi gülledýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden hoşallyk sölerini aýtdy.


Konserti gurnan “Kirişli saz gurallary” 
bölüminiň müdiri: Muhammetdurdy Rahymow.

“Kirişli saz gurallary” bölüminiň 
mugallymy: Dünýägözel Toýlyýewa.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219