Mekdebimizde temmäkä garşy göreş ugrunda ýörite hepdelik gurnaldy.
Döwletimizde amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler Hormatly Prezidentimiziň öz halky üçin edýän aladalarynyň aýdyň subutnamasydyr. Şu günki gün dünýäde iň wajyp meseleleriň biri ilatyň saglygyny goramak bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda Hormatly Gahryman Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzda tem¬mä¬kä gar¬şy gö¬re¬ş alnyp barylyp, ýaşlara sag¬dyn dur¬muş ýö¬rel¬gesi giňden wa¬gyz edilýär. Türk¬me¬nis¬tan tem¬mä¬kä gar¬şy gö¬reş bo¬ýun¬ça dün¬ýä¬de öň¬dä¬ki or¬ny eýe¬le¬mek bi¬len, bu ba¬bat¬da beý¬le¬ki ýurt¬la¬ra gö-rel¬de bol¬ýar hem-de Bü¬tin¬dün¬ýä Sag¬ly¬gy Go¬ra¬ýyş Gu¬ra¬ma¬sy bi¬len iş¬jeň hyz-mat¬daş¬ly¬gy ös¬dür¬ýär.
Biziň Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlert ýörite sazçylyk mekdebimizde temmäkä garşy göreş alyp barmak, ýaşlara sagdyn-durmuş ýörelgesini wagyz etmek işleri boýunça hepdelik geçirilip, hepdeligiň dowamynda mekdebiň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölümi hem-de “Umumy ynsanperwerlik we durmuş-ykdysaduy dersler toplumy” bölüminiň mugallymlarydyr talyplary işjeň gatnaşyp, öz gyzykly temalary bilen çykyş edýärler. Hepdeligiň başynda mekdebiň direktory M.B.Kerimow ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda temmäkä garşy göreş alnyp barylýandygyny, ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda bolmaklaryny, ylymly-bilimli ýaşlara Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan uly ynam bildirilip, uly mümkinçilikleriň döredilip berilýändigini nygtamak bilen öz saz-sungatymyz bilen watanymyzy wasp etmekligi ündedi we Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygyny bildirdi. Wagyz-nesihat çäresini “Umumy ynsanperwerlik we durmuş-ykdysaduy dersler toplumy” bölüminiň halypa mugallymy Amangulyýewa Enejan mugallym dowam etdi. Ol öz çykyşynda temmäkiniň zyýany Magtymguly atasmyzyň “Çilimkeş”, “Nas atan” ýaly goşgularynyň mysalynda düşündirdi. Gurbanýazowa Gyrmyzy mugallym öz çykyşynda temmäki önümleriniň gadaganlygynyň sebäbini giňişleýin gürrüň berdi. Soňra “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň müdiri S.S.Baýryýewanyň ýolbaşçylygynda taýýarlanylan talyplaryň prezentasiýaly we wideoşekilli çykyşlary diňleýjileri has hem gyzyklandyrdy. “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň talyplary Sugtyýew Laçyn “Zyýanly endiklerden daşda durmaklygyň ähmiýeti”, Kurbanow Günhan “Çilimkeşlik – adamy zäherleýän zyýanly endikdir”, Bahtyýarowa Intizar “Arakhorlugyň kesel hökmünde adam ömrüne ýetirýän zyýany” Jepbarowa Dünýä “Dostuň dosta täsiri, erbet adamlary ýoldaş tutunmagyň durmuşyňa edýän zyýany” atly temalarda gyzykly çykyş edip, neşekeşligiň, çilimkeşligiň, arakhorlugyň adamyň aňyna dowamly täsir etmegi dünýä garaýşynyň gowşamagyna ýadyň bozulmagyna getirýändigini, şonuň üçin hem ähli türkmen halkynyň bulary ýok etmek üçin bileleşip, ilki bilen iň ýowuz belany – neşäni ýok etmelidigini, nesillerimizi sagdyn ruhda terbiýelemek, adamlaryň saglygyny goramak baradaky oňyn syýasatyny durmuşa geçirmek ugrunda döwletimiz tarapyndan döredilýän giň şertler dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi.
Hepdeligiň dowamynda “Umumy ynsanperwerlik we durmuş-ykdysaduy dersler toplumy” bölüminiň halypa mugallymy Amangulyýewa Enejan mugallymyň taýýarlamagynda “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň talyplary zyýanly endiklerden, çilimkeşlikden daşda durmagy ündeýän dürli sahna oýunlarynyň üsti bilen üstünlikli çykyş etdiler. Biziň sagdyn ýaşlar bolup ýetişmeklerimiz üçin atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyklarymyzy bildirýäris.
Sugtyýewa Laçyn
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň I ýyl talyby