Onlaýn okuw-usuly maslahatlary geçirildi.
Maý aýynyň 20-ne “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň gurnamagynda ýurdumyzyň ýörite orta hünär sazçylyk we sungat mekdepleriniň “Hor dirižýorlygy we Saz mugallymçylygy”, “Türkmen milli saz gurallary”, “Fortepiano” bölümleriniň gatnaşmaklarynda “Hünärleriň esaslyk okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek we okatmagyň usullary boýunça özara tejribe alyşmak” atly onlaýn okuw-usuly maslahatlary geçirildi.
Okuw-usuly maslahatlary bölümler boýunça aýratynlykda geçirilip, mekdebiň direktorynyň okuw işleri boýunça orunbasary S.E.Baýramow giriş sözi bilen çykyş edip maslahata gatnaşyjylara üstünlik arzuw etdi. Soňra mekdebiniň “Hor dirižýorlygy we Saz mugallymçylygy” bölüminiň müdiri T.O.Baýramowyň esaslyk okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek üçin gönükdirlen meseleleri barada çykyşy diňlenildi. Bölümiň halypa mugallymy N.Ş.Babaýansyň okatmagyň usulyýeti boýunça “Orta mekdeplerinde estetiki we ruhy terbiýe bermekde aýdym sazyň tutýan orny” atly tema bilen çykyş etdi. Soňra Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, Mary welaýatynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň Türkmenistanda hor edebiýatynyň taryhy barada, Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy “Başlangyç synplarda saz terbiýesini bermegiň usullary” atly tema, mekdebimiziň mugallymy L.Ç Salyhowanyň “Saz pedagogikasy” dersi we ony okatmagyň döwrebap usullary barada, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy “Hory öwreniş nusgawy sapak”, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy “Mekdebe çenli çagalaryň saz biliminiň esasy nazary” ýaly temalar bilen çykyş edip okuw sapaklarynyň hilini gowulandyrmak, talyplarda öz saýlan hünärlerine söýgi döretmek barada pikir alyşdylar. Okuw-usuly maslahata gatnaşyjylar öz pikirlerini, tekliplerini ara alyp maslahatlaşdylar we maslahaty jemlediler. Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler Türkmen halkynyň hak howandary, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň elmydama rowaçly ýollarda rowana bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Nurana Annaberdiýewa
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet
ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy