Ylymlar güni we şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat

   Häzirki wagtda ýurdumyzda ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaşlaryň ylmy-barlag işlerine bolan höwesini artdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda giňden bellenilýän Ylymlar güni hem jemgyýetimizde ylmyň neneňsi uly orna eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Mekdebimizde Ylymlar güni we şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen ylmy-amaly maslahat hem ýaş alymlaryň, mugallymlaryň we talyplaryň ylmy garaýyşlaryny paýlaşmakda uly ähmiýete eýedir. Ylym diňe bir tehniki ugurlar bilen çäklenmän, eýsem ynsanperwer ylymlary, şol sanda saz sungatyny, pedagogikany we milli gymmatlyklarymyzy ylmy taýdan öwrenmegi hem öz içine alýar. Milli estrada sungatynyň taryhy, aýdym aýtmak sungaty, dürli saz gurallary ussatlarça erk etmek, solfejio we orkestr dolandyrmagyň usulyýeti, şeýle hem ýaşlara professional derejede bilim bermegiň ylmy esaslary häzirki wagtda täzeçe çeň we garaýyşlar bilen baýlaşdyrylmalydyr. Bu bolsa ýaşlaryň ylmy-döredijilik barlaglaryna çekilmegine, geljekde öz ugurlary boýunça düýpli işleri ýüze çykarmagyna oňyn şertler döredýär.

Baýarow Didar
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň 
ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky 
TDÝSM-niň Sanly ulgam boýunça
 jogapkär hünärmeni


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219