Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäherinde geçiren okuw sapagyna bagyşlanan hoşallyk maslahaty geçirildi.

      Sentýabr aýynyň 5-ne Garaşsyzlygymyzyň şanly 35-ýyllyk toýy toýlanýan ýylymyzda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at myradyň mekany” ýylymyzda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagynyň mazmunyna bagyşlanan hoşallyk maslahaty geçirildi. Ýygnagyň başynda mekdebiň direktory M.B. Kerimow Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze 2026-2027-nji okuw ýylyň 2-nji sentýabrynda geçiren okuw sapagynyň ýurdumyzyň tutuş mugallymlaryna we talyp ýaşlaryna joşgun döredendigini buýsanç bilen belledi. Soňra mekdebiň Ýaşlar guramasy, Zenanlar guramasy, mekdebiň “Umumy ynsanperwer we durmuş ykdysady” dersleri bölüminiň mugallymy, “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň ýygnaga gatnaşan talyplary çykyş edip Gahryman Arkadagymyzyň mugallymçylyk ussatlygyna aýratyn ünsi çekdiler. “Älem içre at gezer” we “Döwlet guşy” romanlarynda beýan edilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýew esger, ilhalar ynsan, watançy hem-de ýaşlara bilim we terbiýe bermekde nusgalyk yol goýan tejribeli mugallym bolandygyny nygtap, bu asylly peder ýoluny dowam edip hem-de ösdürip, Gahryman Arkadagymyz bilim işgärleri we tutuş mugallymlar köpçüligi üçin nusgalyk mekdebini döretdi. Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň watansöýüjilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleri ösüp gelýän ýaş nesil üçin şöhratly taryhymyzy, hazirki bagtyýar zamanamyzy we röwşen gelejegi birleşdirýän egsilmez terbiýe mekdebi hökmünde hyzmat edýändigini bellediler.
     Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna Ýüzlenme kabul edip bilim ulgamyny kämilleşdirmekde alyp barýan tutumly işlerinde mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler. 
                         

Nurana Annaberdiýewa
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen
 döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
 Zenanlar guramasynyň başlygy 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219