Kompozitor Röwşen Nepesow we ýaş kompozitorlar


      Hormatly Prezidentimiz Watanymyzy ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýar. Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýady has-da berkidilip, ýurdumyzyň halkara abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Türkmen ýazyjy-şahyrlary şöhratly ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik baradaky beýik taglymatlaryny dowam etdirýärler. Mähriban halkymyz Berdi Kerbabaýewe, Kerim Gurbannepesowa, Gurbannazar Ezizowa, Osman Ödäýewe örän uly sarpa goýýar. Nury Halmämmedow, Çary Nurymow, Weli Muhadow ýaly meşhur kompozitorlar eziz Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende göterdiler. Mekdebimizde şahyr-kompozitorlarymyzyň ussatlygyndan ugur alyp kompozitorçylyk yoluny ösdürmekde birnäçe dersler öwredilýär. Şeýle hem mekdebimiziň direktory Kerimow Merdan we Kompozitor Röwşen Nepesow Türkmenistan Ata Watanyny aydym-sazyň üsti bilen wasp etmek, ýürek buýsançlaryny bütin dünýä ýaýmak isleýän, kompozitorçylyk yoluny yöretmäge isleg bildiren talyplara özbaşdak okuw sapaklary geçirmäge mümkinçilik döretdiler. Röwşen Nepesow sentýabr aýynyň 3-ne mekdebimiziň zalynda talyplar bilen ilkinji okuw sapagyny geçirdi. Sapaga gatnaşan talyplaryň çalýan eserlerini diňledi. Hersiniň öz stilini, haýsy žanrda eser döretmek isleýändikleri barada gürrüňdeşlik geçdi. Biz talyplar bilen işläp täze eserleri döretmek, Türkmen halkynyň aýdym-sazyny ösdürmek, kompozitorçylyk yoluny dowam etdirmek üçin yhlasly çemeleşjekdigini aýtdy. Bu biziň üçin uly bagt boldy. Röwşen Nepesowyň şägirdi boljakdygymyza begenýäris we buýsanýarys. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 

Sugtyýewa Laçyn
    “Sazyň taryhy we nazarýeti”
 bölüminiň II ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219