Wagyz nesihat çäresi geçirildi

      
      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza, şeýle hem dünýä tejribesine laýyklykda halkymyzyň ýaşaýyş derejesini hasda gowulandyrmakda, ýurdumyzy gülletmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we olary düýpli azaltmak boýunça giň gerimli çäreler guralýar.Şolar bilen bir hatarda Ýangyn howpsyzlygynyň düzgünleri.  edep-terbiýe jemgyýetçilik düzgünleri we tertipleri boýunça wagyz-nesihat çäreleri guralýar. Ýol hereketiniň düzgünleri Ýangyn howpsyzlygy şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň ahlak terbiýesi  boýunça dürli düşündiriş çärelerini guramak üçin çagalar baglarynda terbiýelenýän çagalaryň, orta okuw we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň hem-de dürli ugurlarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň, Hukuk goraýjy edaralaryň hem-de jemgyýetçilik gurmalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda guralýan wagyz-nesihat, öwüt-ündew we düşündiriş häsiýetli çäreleriň uly ähmiýeti bardyr. Şeýle wagyz-nesihat çäreleriniň hatarynda mekdebimizde bilim alýan talyp ýaşlara Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň, Hukuk goraýjy edaralaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda wagyz nesihat çäresi guraldy. Çäre täsirli gürrüňlere we sorag jogaplara baý boldy. Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda çärä gatnaşanlar Hormatly Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz ýaşlara okamana döretmäne şeýle täsirli wagyz-nesihat çärelerini guramaga giň gerimli mümkinçilikleri döredip berýändikleri üçin tüýs ýürekden sagbolsunlary aýtdylar.

                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                   Baýarow Didar
Sanly ulgam we kiberhowpsyzlygy 
boýunça jogapkär hünärmen

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219