Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti!
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet Ýörite Sazçylyk mekdebiniň kamera orkestriniň şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Konsertda “Jan Watanym Türkmenistan”, “Özgeleri diňledim”, “Pagtaçy gyz”, “Bu güýzde”, “Günäkär menmi” ýaly dürli estrada aýdymlary we türkmen şadessanlaryndan “Köne Güzer” “Çykdym güller” “Aýdyşyk” türkmen halkynyň aňynda müdümilik orun alan halk aýdymlary ýaňlandy. Orkestra Eziz Jumanyýazow dirižýorlyk edip çeper ýolbaşçysy Muhammetdurdy Rahymow. Konsertde ýerine ýetirilen aýdymdyr sazlar gyzgyn el çarpyşmalar bilen jemlendi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen konsertiň ahyry “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – Bedew Batly At – Myradyň Mekany” atly owadan hor toparynyň gatnaşmagyndaky aýdym bilen jemlendi we konserta gatnaşanlar Hormatly Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz ýaşlara okamana öwrenmäne şeýle ajaýyp konsertleri guramaga döredip berýän giň gerimli mümkinçilikleri üçin köp sagbolsunlary we alkyş sözlerini aýtdylar.