Okuw usuly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimizde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen okuw-usuly Geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi.Maslahatda Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň maglumat tehnologiýalary boýunça hünärmeni Dawutmämmet Weliýewiň “Türkmenistanyň bilim edaralary tarapyndan sanly ykdysadyýeti ösdürmek, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek babatynda kanunçylygynyň berjaý edilişini hem-de bilim pudagynyň sanlylaşdyrma derejesini bahalandyrmagyň Tertibini tassyklamak hakynda” atly tema boýunça çykyş etdi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy Laçyn Geldibaýewanyň “«Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okuw toparlarynyň ýolbaşçylarynyň talyplar bilen geçirýän işleriniň netijesini seljermek boýunça Gözükdirijä » laýyklykda ýerine ýetirilýän işler babatda tejribe alyşmak”atly tema bilen çykyş etdi.Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Amandurdy Ataniýazowyň “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” ornaşdyrmak babatynda Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat” atly tema bilen çykyş etdi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy Ogulsona Haýdarowanyň “SKAFFOLD” usulyýetini mekdebimizde ornaşdyrylyşynyň tejribesi”atly tema bilen çykyş etdi. Okuw-usuly maslahatynyň ahyrynda mekdebimiziň talyp ýaşlarynyň we mugallymlarynyň taýýarlan konsert çykyşy geçirildi we gyzgyn el çarpyşmalar bilen jemlendi. Maslahata gatnaşyjylar we konsertda çykyş eden mugallymlardyr talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza şeýle ajaýyp okuw usuly maslahatlary geçirmäge döredip berýän giň gerimli mümkinçilikleri üçin köp sagbolsunlary aýtdylar.