“Berkarar döwletimiziň sazşynaslary” atly zehinler bäsleşigi
Berkarar döwletimiziň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerinde ýurdumyzda ýaş zehinleri ýüze çykarmaga, milli sungatymyzy ösdürmäge we ýaş nesilde döredijilik ruhuny belentden terbiýelemäge gönükdirilen dabaraly çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Baýramçylygyň toýlanýan günlerinde ýatdan çykmajak möhüm wakalaryň biri hem sentýabr aýynyň 24-ne ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilen bäsleşik boldy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde ýurdumyzyň dürli künjeginde ýerleşýän orta hünär ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli “Berkarar döwletimiziň sazşynaslary” atly bäsleşik uly guramaçylyk ruhunda geçirildi. Bäsleşigiň ýokary derejede geçirilmegine Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar birleşiginiň Aşgabat şäher komiteti uly goldaw berdiler.
Ýaşlaryň çykyşlaryna adalatly baha bermek üçin emin agzalar hökmünde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň taryhy” we “Sazyň nazaryýeti” kafedralarynyň halypa mugallymlary gatnaşdylar. Olaryň hünär ugurdaky nesihatlary talyplar üçin uly mekdep boldy.
Ýaryş 3 sany gyzykly tapgyrdan, ýagny 1-nji tapgyr – “Saz edebiýaty” dersinden test soraglaryny çözmekden, 2-nji tapgyr – “Garmoniýa” dersinden akkord yzygiderliklerini fortepianoda dogry ýerine ýetirmekden, 3-nji tapgyr – “Solfejio” dersinden emin agzalaryň beren gönükmesini ýüzugra dirižýorlyk edip aýtmakdan ybarat boldy.
Çekeleşikli geçen bäsleşigiň jemleýji netijeleri boýunça, ýurdumyzyň dürli ýerlerinden gelen ýörite sazçylyk mekdepleriniň talyplary ýokary baýraklara mynasyp boldular. Emin agzalaryň beren adalatly bahalaryna laýyklykda, III baýrakly orna – Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň “Kirişli saz gurallary” bölüminiň 3-nji ýyl talyby Annalyýewa Mähek Orazgeldiýewna, şeýle-de Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň 4-nji ýyl talyby Nurymowa Maral, II baýrakly orna - Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň 3-nji ýyl talyby Baýramowa Gözel Agajan gyzy, I baýrakly orna - Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky D. Öwezow adyndaky TDÝSM “Sazyň taryhy we nazaryýet” bölüminiň 4-nji ýyl talyby Mädalyýewa Leýli Döwranowna, baş baýraga – mekdebimiziň “Sazyň taryhy we nazaryýet” bölüminiň 3-nji ýyl talyby Amanowa Bägül Döwletnazarowna mynsap boldular.
Bäsleşige gatnaşyjy talyplar joşgunly sözler bilen Hormatly Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsunlaryny aýtdylar.
Bu döredijilik bäsleşigi ýurdumyzyň ýörite sazçylyk mekdeplerinde okaýan zehinli talyplaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga, olaryň döredijilik başarnyklaryny açyp görkezmäge we tejribe alyşmagyna giň ýol açdy. Bäsleşige gatnaşan ýaş sazşynaslar medeniýetimize, milli mirasymyza sarpa goýýan, giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sag bolsunlaryny aýtdylar. Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlary şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna ýiti zehinleri we başarnyklary bilen mynasyp goşant goşdular.
Bägül Amanowa
“Sazyň taryhy we nazaryýeti”
bölüminiň III ýyl talyby