Ýaşlar — Berkarar Döwletiň Belent Geljegi !


     Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Danatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyna» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna bagyşlanan dabaraly  wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen ugurlary, hususan-da, ýaşlar syýasatynyň belent sepgitleriniň ähmiýeti barada giňişleýin bellenip geçildi.
Döwlet maksatnamasynyň esasy ugurlary we maksatlary:
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan bu täze Döwlet maksatnamasy ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň döwrebap bilim almagyny, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagyny üpjün etmekde möhüm resminama bolup durýar. Maksatnamanyň esasy ugurlary aşakdakylardan ybaratdyr:
• Ylym-bilim, innowasiýalar we ösen tehnologiýalar bilen gyzyklanýan, olary çuňňur özleşdirmäge ukyply zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de goldamak.
• Ýaşlary Watana wepaly, zähmetsöýer, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna hormat goýýan, kämil şahsyýetler edip terbiýeläp ýetişdirmek. 
• Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna ýaşlaryň giňden we doly hukukly gatnaşmagy üçin goşmaça şertleri döretmek.
• Ýaşlaryň özbaşdak ösmegi, hünär öwrenmegi we döredijilik ukyplaryny amala aşyrmagy üçin döwlet tarapyndan berilýän kepillikleri pugtalandyrmak.
Mekdebiň talyplarynyň dabaraly çykyşlarynda aýratyn bellenilişi ýaly, aýdym-saz sungaty türkmen halkynyň ruhy hazynasy, milli mirasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň arasynda milli aýdym-saz sungatyny ösdürmek, halkymyzyň saz mirasyny öwrenmek we döwrebap sazlary döretmek ugrunda beýik işler alnyp barylýar. 
Wagyz nesihat çäresiniň ahyrynda çärä gatnaşanlar hem-de talyp ýaşlar döwrebap bilim almagy, milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmegi hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz sagbolsun aýtdylar.

Mädalyýewa Leýli
“Sazyň taryhy we nazaryýeti”
bölüminiň IV ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219