“Saz Fortepiano bilen janlanýar”
Fortepianonyň asyl ady italýança “Gravicembalo col piano e forte” ýagny “Ýeňil we güýçli” manyny berýär. Bu at, guralyň düwmelerine basýandygyňyza baglylykda ýuwaş (piano) ýa-da gaty (forte) ses çykarmak ukybyndan gelip çykýar. Bu saz guralyny 1700-nji ýylda Florentin Bartolomeo Kristofori tarapyndan oýlanyp tapyldy. Bartolomeo Krisofori öz guralyny döredeninde, aýdym-saz dünýäsi arfa sazynyň we klawikordyň seslerine öwrenşipdir. Meşhur nemes organçy we saz çalyjy Gottfrid Silbermann ilkinji pianinolaryny Kristoforiniň mehanizimini göçirip gurupdy. Ol bu saz guralyny döwriň iň beýik kompozitorlaryndan biri Iogan Sebastýan Baha görkezdi, emma Bah fortepianony synap gören badyna halamady we iki sany arz şikaýady bardy: beýik notalary gowşak we klawişasy gatydy. Silbermann bu tankydy kabul etdi we mehanizimi kämilleşdirmek üçin on ýyl sarp etdi, netijede esasy duýga we äheňe laýyk gelýän täze fortepiano döretdi. Bu gezek Bah täze guraly synap görende, haýran galdy! Üýtgeýän sesiň hödürleýän emosional çuňlugyny bildi we fortepianony öwdi. Netijede ilki bilen rowaýata öwrülen bu gural, oýlap tapyjynyň we işläp düzijileriň tutanýerliligi sebäpli birnäçe ýylyň içinde we Fortepiano giň tonly diapazony sebäpli “Gurallaryň şasy” diýipdirler. Pianinony çalmak beýniniň sag we çep ýarym şarlaryny bir wagtyň özünde çekmek bilen IQ-ni ýokarlandyrmakda täsirli bolup biler. Dünýäniň iň uzyn fortepiano eseriniň wagty 639 ýyl bolupdyr. Jon Keý (As Slow As Possible) “Mümkin boldugyça haýal” eseri Germaniýanyň bir ybadathanasynda ýaňlanýar ýöne hakyky wagtda 639 ýyl dowam etýär, bu eser 2001-nji ýylda başlandy we notanyň üýtgemegi ýedi ýyl dowam edip biler. Jon Keýiň ölüminden soňra Germaniýaly aýdymçylar we filosoflar onuň işine çemeleşdi we şeýle diýdi: “Eser mümkin boldugyça haýal oýnamaly bolsa 639 ýyl oýnarys”. Bu taslama Germaniýanyň Burçard buthanasynda başlandy. Sazanda ýok ýörite ulgam bilen käbir notalary aýlarça hatda ýyllarça saklanyp durýar. Notalar haýal haýaldan üýtgeýär käwagt ýedi ýyldan soň üýtgeýär. Ilkinji 18 aýyň dowamynda ses çykmady.(sessizlikde sazyň bir bölegi). Birinji nota 5-nji fewralda 2003-nji iýulda çalyndy soň nota üýtgeýşi 2022-nji ýylda bolup geçdi. Indiki nota çalşygy bolsa 2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda çalyndy.
Annagulyýewa Jennet
“Fortepiano” bölüminiň III ýyl talyby