Türki döwletleriniň Medeniýet seýilgähi

Ýakynda Ankarada Türki döwletleriň Guramasynyň 13-nji sammiti geçirildi. Sammitiň çäklerinde 29-njy oktýabrda “Türki döwletleriniň Medeniýet seýilgähiniň” hem açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasyna döwlet baştutanlary, hormatly myhmanlar gatnaşdy. Bu seýilgäh “Beştepe Milli tokaýynda” ýerleşip, seýilgähde möhüm medeni desgalarynyň kiçeldilen nusgalary görkezilipdir. Şeýle hem bu ägirt uly meýdanyň içinde türk dünýäsiniň medeni mirasyny we 7 ýurda degişli taryhy ýadygärliklerini, 8 ýurduň baýdaklaryny we 6 ýurduň däp bolan çadyrlary (şol sanda Türkmeniň ak öýi) ýerleşdirilipdir. Açylyş dabarasynda her ýurduň aýdym-sazlary hem ýaňlandy. 
Açylyş dabarasyna biziň Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimiziň “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň mugallymy Serdar Baýramow hem gatnaşyp, türkmen halk aýdym-sazlary bilen çykyş etdi. Bagşy Serdar Baýramow “Türkmeniň”, “Ýol owadan”, “Aşyk men”, “Dört gözel” ýaly türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirip, oňa gyjakçy Saparmyrat Amanmyradow we dutarçy Aman Çaryberdiýew sazandarlyk etdiler. Bagşynyň we türkmen dutar-gyjagynyň ajap hoş owazy birleşip dabaranyň baýramçylyk ruhyna özboluşly goşant goşdy.  Olaryň ýerine ýetiren halk aýdymlary açylyşa gatnaşyjylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna eýe boldy. Bu seýilgäh halklaryň has-da ýakynlaşmagyna, birek-biregiň däp-dessurlary, ýadygärlikleri bilen tanyşmaklaryna oňyn täsir ýetirer. 
Aýdogdyýewa B.A.
Maýa Kulyýewa adyndaky
TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky
TDÝSM-niň  “Sazyň taryhy we nazaryýeti”
 bölüminiň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219