TÜRKSOÝ-yň agza ýurtlarynyň V teatr festiwaly
Oktýabr aýynyň 6-na Paýtagtymyzda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň V teatr festiwalynyň başlanmagy bilen gözel Aşgabadymyz şatlyk-şowhuna beslendi. Dostluk-doganlyk döwletleriň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmek maksady bilen geçirilen bu festiwal dürli döwletleriň sahna ussatlarynyň özara tejribe alyşmaklaryna, sanha medeniýetini kämilleşdirmekligine gönükdirilendir. Dabaraly baýramçylyk gözel paýtagtymyzda ýerleşýän, naýbaşy artistleri bir sahnada jemleýän Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda geçirildi. Baýramçylyk dabarasynyň geçirilen mermer daşly binasynyň girelgesinde gurnalan aýdym-sazly çykyşlar foruma gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Festiwala gatnaşyjylary we oňa tomaşa etmäge gelen sahna ussatlaryny aýdym-sazly çykyşy bilen garşy almak Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplaryndan düzülen kamera orkestrine ynanylmagy aýdym-saz sungatynyň bu mukaddes ojagynyň mertebesini ýene bir gez beýgeltdi. Ýörite sazçylyk mekdebiniň tejribeli mugallymy Eziz Jumanyýazowyň ýolbaşçylygynda ýaş talyplardan düzülen kamera orkestri meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň eserlerinden düzülen saz parçalaryny diňleýjileriň dykgatyna ýetirdiler. Nury Halmämmedowyň millilige baý bolan saz diliniň professional saz dili bilen utgaşyklygynyň netijesinde dörän bu saz eseriniň ýaňlanmagy diňleýjileri bir salym orkestriň ýanynda aýak çekip, eseri lezzetlik bilen diňlemeklige maýyl etdi.
Mekdebiň bagşylar toparyndan düzülen bagşylar ansambly ussat bagşy we mukamçy kompozitor Nurýagdy Baýramowyň Magtymguly Pyragynyň sözlerine dörenden “Türkmeniň” aýdymyny ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Şeýle dabaraly baýramçylyklarda, şanly seneler mynasybetli geçirilýän döwlet derejesindäki çärelerde öz hünärleri bilen halkymyzyň şatlygyna şatlyk, begenjine begenç goşýan ýaş sazandalar Hormatly Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip beren şeýle mümkinçiliklerine biragyzdan öz minnetdarlygyny bildirýärler. Medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä ýüzüne ýaýýan şeýle dabaraly baýramçylyklaryň yzygiderli toýlanyp durmagyny tüýs ýüreginden arzuwlaýarlar.
Mähriban Jumaýewa
Maýa Kulyýewa adyndaky
TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky
TDÝSM-niň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy