UÇRUMLAR
Gurban Kulyýew (1920–2004). Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň at gazanan artisti Gurban Kulyýewiň ady ýurdumyzda giňden bellidir. G. Kulyýew Türkmenistanyň Kompozitorlar döredijilik birleşigine 1940-njy ýyllaryň ahyrlarynda gelýär. Ol «Bagt» atly baleti, birnäçe simfoniki, kamera-instrumental we hor eserleri, şeýle-de köpsanly aýdymlary we romanslary döredýär. Onuň döredijiliginde halk saz gurallary orkestri üçin eserleri uly orun eýeleýär. Ol «Dabaraly uwertýuranyň», «Magtymguly» we «Mollanepes» atly poemalaryň, birnäçe fantaziýalaryň we sýuitalaryň, daşary ýurt awtorlarynyň eserleriniň geçirmeleriniň, dürli halklaryň ençeme aýdymlarynyň gaýtadan işlemeleriniň awtorydyr.
Gurban Kulyýew 1920-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Aşgabadyň etegindäki Köşi obasynda eneden bolýar. Ol çagalykdan ýetim galýar we Aşgabadyň Ilbaýew adyndaky internatynda terbiýelenýär. 1935-nji ýylda G. Kulyýew Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine okuwa girýär. Ol ussat mugallym A. Berglerden skripka çalmagy öwrenýär. 1937–1941-nji ýyllarda G. Kulyýew Moskwanyň P. I. Çaýkowskiý adyndaky Döwlet konserwatoriýasynyň ýanyndaky Türkmen bölüminde skripka hünärinden kämilleşýär. Ol 1941-nji ýylda Türkmenistana gaýdyp gelýär we Çärjew şäheriniň (häzirki Türkmenabat) çagalar sazçylyk mekdebinde skripka hünäri boýunça mugallym bolup işe başlaýar. 1942–1944-nji ýyllar aralygynda sazanda Aşgabadyň ýörite sazçylyk mekdebinde skripka hünäri boýunça bilim alýar. 1944-nji ýylyň martynda Daşkent şäherinde Orta Aziýa respublikalarynyň we Gazagystanyň sowet sazy boýunça ongünlügine gatnaşýar. 1944-nji ýylda ol Moskwanyň P. I. Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasyna okuwa girýär. Bir ýylyň dowamynda professor Boris Iosifowiç Siboryň synpynda okaýar. Dirižýorçylyga bolan höwesi artyp, G. Kulyýew 1945-nji ýylda Moskwa konserwatoriýasynyň ýanyndaky simfoniki orkestriň dirižýorçylyk hünäriniň üç ýyllyk kursuna, mugallym W. Smirnowyň synpyna okuwa girýär. 1948-nji ýylda ol kursy üstünlikli tamamlap, Aşgabada dolanyp gelýär we Türkmen döwlet halk saz gurallary orkestriniň çeper ýolbaşçysy hem-de baş dirižýory bolup işläp başlaýar (1948–1977). 1965-nji ýylda G. Kulyýew Daşkendiň döwlet konserwatoriýasyna okuwa girýär. Bu ýerde ol Özbegistanyň sungatda at gazanan işgäri Georgiý Aleksandrowiç Muşeliň halypalyk etmeginde kompozitorçylyk tehnikasynyň inçe tilsimlerini öwrenýär. 1977-nji ýyldan G. Kulyýew Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutynda orkestre dirižýorlyk etmek kafedrasynyň ýolbaşçysy, 1979-njy ýyldan dosentiň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işleýär. 1998–2001-nji ýyllar aralygynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk saz gurallary kafedrasynda dosentiň wezipesini ýerine ýetiriji bolup zähmet çekýär. Ol 1949-njy ýyldan SSSR-iň Kompozitorlar birleşiginiň agzasy bolmak bilen 1952-nji ýylda Türkmenistanyň Kompozitorlar birleşiginiň müdiriýetiniň agzalygyna saýlanylýar. 1963–1965-nji ýyllarda Telewideniýe we radio döwlet komitetiniň saz redaksiýasynyň baş redaktory bolup işleýär. Onuň ýanynda ilkinji estrada orkestrini hem döredýär. G. Kulyýew 2004-nji ýylyň 19-njy awgustynda aradan çykýar.
Nury Muhadow (1924–1999). Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, kompozitor we dirižýor, professor Nury Muhadow türkmen kompozitorlarynyň görnükli wekilleriniň biridir. Ol professional saz sungatyna 1950-nji ýyllarda gelýär. Onuň tebigy zehini «Keýmir kör» atly gahrymançylykly operasynda, «Täsin tebip» atly baletinde (M. Rawiç bilen bilelikde), «Mollanepes», «Andalyp» atly simfoniki poemalarynda, simfoniýasynda, uwertýurasynda öz aýdyň beýanyny tapýar. Mundan başga-da N. Muhadowyň wokal-simfoniki, kamera-instrumental eserleri, şeýle-de köpsanly aýdymlary we romanslary uly gyzyklanma döredýär. Ol zehinli dirižýor we jemgyýetçilik işgäri hökmünde hem giňden tanalýar.
Nury Muhadow 1924-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Aşgabadyň etegindäki Bagyr obasynda eneden dogulýar. 1939-njy ýylda ol doly däl umumy bilim berýän orta mekdebi tamamlaýar we Moskwanyň döwlet konserwatoriýasynyň ýanyndaky Türkmen bölümine okuwa ugradylýar. Professor Aleksandr Pawlowiç Stogorskiniň halypalygynda wiolonçel öwrenýär. Urşuň başlanmagy ýaş sazandanyň okuwyna päsgel berýär, ol 1941-nji ýylyň güýzünde Aşgabada dolanyp gelýär. Ýaş sazanda bu ýerde az wagtlyk Pionerler köşgüniň ýanyndaky türkmen halk saz gurallary ansamblynyň ýolbaşçysy bolup işleýär. 1942-nji ýylda ol goşun gullugyna çagyrylýar. 1946-njy ýylda goşun gullugyndan dolanyp gelen N. Muhadow opera we balet teatrynda işläp başlaýar. Ol ilki hormeýsteriň kömekçisi we dirižýoryň assistenti, 1948-nji ýyldan başlap orkestriň dirižýory bolýar. Opera teatrynda işlän döwründe okuwyny yzygiderli dowam edýär. 1950–1952-nji ýyllar aralygynda ol Moskwanyň P. I. Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň ýanyndaky simfoniki orkestriň dirižýorlarynyň tejribesini ýokarlandyrmak boýunça kursynda bilimini kämilleşdirýär. 1952–1956-njy ýyllar aralygynda Türkmen döwlet sazçylyk mekdebiniň sazyň taryhy-nazaryýeti bölüminde okaýar. Hut şol ýyllar hem sazanda kompozisiýa boýunça öz güýjüni synap ugraýar. Ol birnäçe instrumental we wokal eserlerini ýazýar, olaryň arasynda uly göwrümli eseri simfoniki orkestr üçin uwertýurasydyr (1954). 1958-nji ýylda N. Muhadow Daşkendiň döwlet konserwatoriýasyna, professor Boris Isaakowiç Zeýdmanyň halypalyk etmeginde kompozisiýa hünärine okuwa girýär.
1965-nji ýylda N. Muhadow Daşkendiň konserwatoriýasyny kompozisiýa (professor B. I. Zeýdmanyň synpynda) we dirižýorlyk (professor M. Aşrafiniň synpynda) hünärleri boýunça üstünlikli tamamlaýar. Kompozitor Türkmen milli konserwatoriýada işlän döwründe mugallymçyllyk işini hem alyp barýar. 1981-nji ýylda oňa dosent, 1987-nji ýylda professor ady dakylýar. Ol ençeme ýyllar opera, hora, simfoniki orkestre dirižýorlyk etmek sapaklaryny alyp barýar.
Türkmen saz sungatyny ösdürmeklige goşan goşandy üçin N. Muhadow 1960-njy ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1965-nji ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», 1991-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýlen hormatly atlara mynasyp bolýar. Ol Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna (1980) mynasyp bolýar, «Hormat Nyşany» (1955), «Zähmet Gyzyl Baýdak» (1981) we «Beýik Watançylyk urşy» (1985) ordenleri, on sany medal – Beýik Watançylyk urşunda Ýeňşiň ýubileýlerine hem «Pragany almagyna» şeýle hem «Watana bolan söýgüsi üçin» (1996) medallary bilen sylaglanýar.
N. Muhadow 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda aradan çykýar.
Durdy Nuryýew (1933–1992). Türkmenistanyň halk artisti, Ýaşlar baýragynyň eýesi ajaýyp kompozitor Durdy Nuryýew milli kompozitorçylyk mekdebiniň ikinji nesline degişlidir. Ol 1960-njy ýyllarda türkmen saz döredijilik ulgamyna gelýär. D. Nuryýew sazly-sahna eserlerini, dürli görnüşlerde instrumental we wokal sazlaryny, kino üçin sazlary döredýär. Onuň eserleri özüniň ýagty keşpleri, owazly saz dili bilen ünsi çekýär. Ol «Ýalynly ýürekler» atly operanyň, «Nusaý» we «Mähirli jadygöý» atly baletleriň, «Gunça» we «Umytsyz söýgi» atly ilkinji türkmen sazly komediýalaryň, «Biziň ýaşlygymyz» simfoniki şekiliň, «Seýdi» atly simfoniki uwertýuranyň, «General Ý. Kulyýewiň ýadygärligine» atly simfoniki poemanyň, alty sany konsertiň (fortepiano, truba, akkordeon, fleýta, gyjak, bas-dutar üçin), «Ýuwaş gelin» kinofilminiň sazynyň we ençeme beýleki eserleriň awtorydyr.
Durdy Nuryýew 1933-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň şol wagtky Çkalow adyndaky kolhozynda daýhan maşgalasynda dogulýar. 1940-njy ýylda Durdy umumybilim berýän mekdepde okap başlaýar, 1944-nji ýyldan başlap, ony sazçylyk mekdebinde fortepiano hünäri boýunça okuw bilen utgaşdyrýar. Onuň ilkinji mugallymy ajaýyp sazanda Olga Alekseýewna Kriwçenko bolýar. 1948-nji ýylda, ýedi ýyllyk mekdebi tamamlap, Mary şäherindäki ýörite mugallymçylyk mekdebine okuwa girýär, şol bir wagtyň özünde sazçylyk mekdebinde okamaklygyny dowam edýär. 1951-nji ýylda ýörite mugallymçylyk mekdebini we sazçylyk mekdebini tamamlap, ol Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň fortepiano bölümine Türmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri W. G. Hirunsewiň synpyna okuwa girýär. Ýörite sazçylyk mekdebiniň okuwyny A. M. Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň agşamky bölümindäki sapaklar bilen utgaşdyrýar. 1955-nji ýylda D. Nuryýew ýörite sazçylyk mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar we ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň fortepiano hünäri boýunça mugallym bolup işe başlaýar. Ol fortepiano üçin dokuz sany dürli häsiýetli programmaly saz eserlerini ýazmak bilen, olary «Çagalar albomyna» birleşdirýär. Bu ýygyndy bolsa 1958-nji ýylda «Türkmendöwletneşirde» neşir edilýär. 1958–1964-nji ýyllar aralykda D. Nuryýew Daşkent döwlet konserwatoriýasynda okaýar. Ol kompozisiýa sapaklary boýunça professor Boris Isaakowiç Zeýdmanyň synpynda okaýar. Kompozitor döredijilik işini elmydama mugallymçylyk işi bilen utgaşdyrýar. Ol köp ýyllaryň dowamynda D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde mugallymçylyk edýär. Onuň şägirtleriniň arasynda R. Rejebow, K. Garowow we başgalar bardyr. Ol döredijilik we mugallymçylyk bilen bir hatarda jemgyýetçilik işlerine hem köp güýjüni we kuwwatyny sarp edýär.
D. Nuryýew 1992-nji ýylyň 21-nji iýunynda aradan çykýar.
Nury Halmämmedow (1938–1983). Türkmenistanyň halk artisti, SSSR-iň we Magtymguly adyndaky Döwlet baýraklarynyň eýesi Nury Halmämmedow zehinli meşhur kompozitordyr. Onuň eserleri Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda hem örän tiz meşhurlyk gazandy. Kompozitor saz sungatynyň dürli žanrlaryna ýüzlenýär. Olar simfoniki, wokal-simfoniki, hor, kamera eserleri we kino sazlarydyr. Awtor «Aýgytly ädim» atly baleti, «Türkmenistan» simfoniki şekilleri, e-moll simfoniýasyny, kirişli kwarteti, köpsanly wokal eserleri, «Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlaryň ýadygärligine» atly wokal simfonik triptihi, fortepiano sazlary, kino sazlary döredýär. Onuň dürli ýyllarda ýazylan köpsanly romanslarynyň we aýdymlarynyň arasynda Magtymgulynyň, Mollanepesiň, XIX asyryň halk bagşylarynyň, şahyrlarynyň, S. Ýeseniniň, G. Geýnäniň, XX asyryň ýapon şahyrlarynyň goşgularyna döredilen wokal toplumlary aýratyn tapawutlanýar. Onuň döredijiliginde kino sazlaryna wajyp orun degişlidir. Ol ýigrimiden gowrak çeper film üçin saz döredýär. Olar «Aýgytly ädim», «Şükür bagşy», «Mukamyň syry», «Keçpelek», «Magtymguly», «Gaýgysyz Atabaýew», «Çöl», «Japbaklar», «Erkek terbiýesi» we beýlekilerdir.
Nury Halmämmedow 1938-nji ýylyň 20-nji iýunynda Bäherden etrabynyň Mürçe obasynda eneden dogulýar. Ene-atasy ir ýogalyp, kiçiliginden çagalar öýünde terbiýelenýär. 1947-nji ýylda Nury umumybilim berýän mekdebe gatnaýar, 1948-nji ýyldan başlap, ony saz mekdebinde bilim almak bilen utgaşdyrýar. Bu ýerde onuň tebigy zehinini tejribeli mugallym, pianinoçy O. A. Kriwçenko duýýar. Nury dört ýylyň içinde ýedi ýyllyk okuwyň maksatnamasyny özleşdirýär we Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine okuwa girýär. Ol bu ýerde üç ýylyň dowamynda tejribeli mugallymlaryň biri Ý. K. Kuleşiň fortepiano synpynda bilim alýar. Ikinji kursdan başlap A. Kulyýewden eser düzmek boýunça kompozisiýa sapaklaryny alýar. Saz boýunça orta bilimi almandygyna garamazdan, Nury Halmämmedowyň saza bolan ukyby 1958-nji ýylda Moskwanyň P.I. Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasyna okuwa girmäge mümkinçilik berýär. Ol kompozisiýa hünäri boýunça ajaýyp mugallym, meşhur kompozitor, professor A.N. Aleksandrowdan tälim alýar. Kompozitorçylyk tehnikasynyň esaslaryny erjellik bilen öwrenýär. Nury uly gyzyklanma bilen okaýar, dessine uly üstünlikler gazanyp ugraýar.
Türkmen saz sungatyny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin N. Halmämmedowa «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» (1979), «Türkmenistanyň halk artisti» (1991) diýen hormatly atlar dakylýar, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi (1983), SSSR-iň Döwlet baýragynyň eýesi (1984) diýen atlar bilen sylaglanýar.
N. Halmämmedow 1983-nji ýylyň 4-nji awgustynda aradan çykýar.
Çary Nurymow (1941–1993). Türkmenistanyň halk artisti, SSSR-iň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet hem-de Ýaşlar baýraklarynyň eýesi, professor Çary Nurymow örän ýiti, özboluşly kompozitor, jemgyýetçilik işgäridir. Ol türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň wekilleriniň ikinji nesline degişlidir. Onuň eserleriniň sanawy uly. Oňa üç balet, üç simfoniýasy, ýedi sany konsert, köpsanly simfoniki, wokal-instrumental, hor, kamera-instrumental eserler, kinofilmler üçin sazlar, romanslar we aýdymlar degişlidir. Mirasynyň esasy ugry instrumental sazlarydyr. Watana bolan söýgi, mähriban ülkäň owadanlygy, döwürdeşleriniň batyrgaýlygy, şöhratly zähmeti onuň döredijiliginiň temalarynyň we keşpleriniň gözbaşydyr. Awtoryň «Epgegiň tepbedi», «Ölmez-ýitmez», «Köýten nalasy» baletleri, №1 simfoniýasy, №2 simfoniýasy we «Maru-Şahu-Jahan» atly №3 simfoniýasy, truba, ses, fortepiano, goboý («Gazallar») üçin konsertleri, №1 we №2 «Dessan-konsertleri», «Teke nagyşlary», «Indira Gandiniň ýadygärligine» №2 kwarteti uly meşhurlyk gazandy.
Çary Nurymow 1941-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda daýhan maşgalasynda eneden dogulýar. Onuň kakasy 1943-nji ýylda uruşda wepat bolýar. Çary ýedi ýaşyndan başlap umumy bilim berýän we sazçylyk mekdeplerinde okap başlaýar. Geljekki kompozitoryň ilkinji mugallymy ajaýyp mugallym we pianinoçy Olga Alekseýewna Kriwçenko bolýar. 1955-nji ýylda Çary Nurymow Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine okuwa girýär. Ukyply ýetginjek bir wagtda sazyň nazaryýeti we üflenip çalynýan saz gurallary (goboý synpy boýunça) bölümlerinde okaýar. Ýörite sazçylyk mekdebinde okap ýören ýyllary ol Aşyr Kulyýewiň ýolbaşçylygynda fakultatiwleýin erkin eser düzüş kursuny geçýär. 1959-njy ýylda Ç. Nurymow Moskwanyň Gnesinler adyndaky döwlet sazçylyk mugallymçylyk institutyna kompozisiýa hünärine okuwa girýär. Bu ýerde ol professor Genrih Iliç Litinskiden tälim alýar. G.I. Litinskiý, şeýle-de A.A. Stepanow (garmoniýa), S.S. Skrebkow (polifoniýa), P.G. Kozlow, F.G. Arzamanow (saz formalarynyň derňewi), N.I. Peýko, P.L. Şpitalnyý, Ý.W. Witaçek (saz gurallaryny öwrenmek we gurallama) ýaly ajaýyp mugallymlaryň sapaklary oňa çuňňur we giňişleýin bilim toplamaga ýardam edýär hem-de dürli formadaky we žanrdaky eserleri ýazmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. 1970-nji ýylda Ç. Nurymow professor G.I. Litinskiniň ýolbaşçylygynda Gnesinler adyndaky institutyň aspiranturasyny üstünlikli tamamlaýar. Kompozitor işjeň döredijilik işini mugallymçylyk işi bilen utgaşykly alyp barýar. Ol birnäçe ýyllaryň dowamynda D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde saz nazaryýeti dersleri boýunça mugallym bolup işleýär. Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutynyň açylan gününden başlap saz döretmek, gurallama we partituralary ýüzugra okamak ýaly dersleri okadýar. 1972-nji ýylda oňa uly mugallym, 1976-njy ýylda dosentiň wezipesini ýerine ýetiriji, 1980-nji ýylda bolsa dosent diýen atlar berilýär. 1992-nji ýylda saz nazaryýeti we kompozisiýa kafedrasynyň professory bolýar. Ol birnäçe ýyllap Türkmenistanyň Kompozitorlar birleşiginiň başlygy bolup işleýär.
Türkmen saz sungatynda bitiren uly hyzmatlary üçin Ç. Nurymowa «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» (1980), «Türkmenistanyň halk artisti» (1986) diýen atlar dakylýar. Ol Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna (1979), SSSR-iň Döwlet baýragyna (1987), Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna (1968, 1976) mynasyp bolýar.
Ç. Nurymow 1993-nji ýylyň 3-nji fewralynda aradan çykýar.
Amandurdy Agajykow (1937–2014). Türkmenistanyň halk artisti, Turkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň, SSSR-iň A.B. Aleksandrow adyndaky we Ýaşlar baýraklarynyň eýesi Amandurdy Agajykow türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň orta nesline degişli bolan görnükli wekilleriniň biridir. Ol saz älemine 1960-njy ýyllarda gelýär. Amandurdy Agajykow zehinli kompozitor, dosent, saz-jemgyýetçilik işgäri. Kompozitoryň sazy türkmen milli heňine inçelik bilen girişmegi, aýratynda, aýdym äheňinde üns bermekligi bilen tapawutlanýar. Ol «Sona», «Gowgaly gije», «Saýathan» operalarynda, «Pöwrize» baletinde, wiolonçel, fortepiano, skripka we orkestr üçin konsert-poemalarynda, ulular we çagalar hory hem-de halk saz gurallary we simfoniki orkestri üçin «Altyn asyr–baky bagtym» atly odasynda, «Bakydyr olar» (goşgusy B. Annaýewiňki) we «Garaşsyzlyk nagmalary» (goşgusy A. Ýusubowanyňky) wokal toplumlarynda, «Arzuw» (goşgusy G. Bäşiýewiňki) aýdymlar ýygyndysynda we köpsanly beýleki eserlerinde dogduk mekanymyzyň gözelliklerini, halkymyzyň durmuşynyň milli özboluşlyklaryny açyp görkezmegi başarypdyr.
A. Agajykow 1937-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Aşgabatda işçi maşgalasynda dünýä inýär. Ol dokuz ýaşynda dutar çalmagy öwrenýär. 1950-nji ýylda Aman Aşgabatdaky ýörite orta sazçylyk mekdep-internatyna okuwa girýär we görnükli mugallym, sazanda Lew Iwanowiç Griştaýewden wiolonçel saz guraly boýunça hünär öwrenip başlaýar. 1953-nji ýyldan başlap ol Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde wiolonçel synpynda okaýar. Onuň kämillige ýetmeginde A. Kulyýew, M. A. Mikuliç, W. A. Baranowskiý ýaly sazyň nazaryýeti dersleriniň görnükli mugallymlarynyň uly hyzmatlary bardyr. Ol ilkinji saz eserlerini ýörite sazçylyk mekdebinde okan döwürlerinde döredýär. Olardan üç bölümden ybarat bolan kirişli saz gurallary kwarteti üçin sýuita, N. Omadowyň goşgusyna «Gözelim» diýen romans, K. Gurbannepesowyň goşgusyna çagalar hory we fortepiano üçin «Arça hakda aýdym» eserleri kompozitoryň iň şowly çykan eserleridir. Ýörite sazçylyk mekdebini tamamlap, A. Agajykow 1957-nji ýylda Moskwanyň P. I. Çaýkowskiý adyndaky Döwlet konserwatoriýasyna okuwa girýär. Bu ýerde oňa kompozisiýa hünärinden professor A.N. Aleksandrow halypalyk edýär. Meşhur S.I. Taneýewiň şägirdi, giň gözýetimli kompozitor we mugallym A.N. Aleksandrow, döredijilige örän jogapkärli çemeleşmegi öz okuwçysy Amana öwretmegi başarypdyr. 1964-nji ýylda A. Agajykow konserwatoriýany tamamlaýar. Onuň diplom işi bolan Alty Garlyýewiň librettosyna ýazan «Sona» operasy talyplyk işiniň çäklerinden çykyp, ýurdumyzyň saz durmuşynda uly waka öwrüldi. W. Muhadow, D. Öwezow, A. Kulyýew, H. Allanurow, G. Seýitliýew, G. Muhtarow ýaly tanymal sazandalar, dramaturglar we ýazyjylar bu esere ýokary baha berdiler. 1964–1965-nji ýyllarda A. Agajykow Türkmen döwlet filarmoniýasynyň halk saz gurallary orkestriniň dirižýory wezipesinde işleýär. Ol özüniň yzygiderli döredijilik işini jemgyýetçilik işi bilen utgaşykly alyp barýar. 1967-nji ýyldan bäri SSSR-iň Kompozitorlar birleşiginiň agzasy bolmak bilen, 1977-nji ýylda kompozitorlaryň VI gurultaýynda Türkmenistanyň Kompozitorlar birleşiginiň müdirliginiň agzasy we başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilýär. «Dünýä türkmenleriniň» we «Saz jemgyýetçilik» assosiasiýalarynyň müdirliginiň, Türkmen jemgyýeti guramasynyň agzasydyr. A. Agajykow 1981-nji ýylda harby-watançylyk temada döreden sazlary ulgamyndaky işi üçin baýraga mynasyp bolýar we A. W. Aleksandrow adyndaky kümüş medal bilen sylaglanýar. Birnäçe ýylyň dowamynda ol Türkmenistanyň medeniýet ministrliginde saz boýunça maslahatçy bolýar we D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde, soňra Türkmen milli konserwatoriýasynda mugallym (1992-nji ýyldan kompozisiýa kafedrasynyň dosenti, 1994–2002-nji ýyllarda kompozisiýa kafedrasynyň professory) bolup işleýär.
Türkmen sazyny ösdürmekdäki uly hyzmatlary üçin «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» (1974), «Türkmenistanyň halk artisti» (1991) ýaly hormatly atlara, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolýar (1976). Ol SSSR-iň A. Aleksandrow adyndaky döwlet medalynyň (1980), Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň (1985–1986), «Hormat nyşany» (1986), «Galkynyş» (2001) we «Garaşsyz Türkmenistana bolan söýgüsi üçin» (2009) ordenleriniň, «Zähmet edermenligi üçin» (1955), «Watana bolan söýgüsi üçin» (1996) we «Gaýrat» medallarynyň eýesidir (1997).
A. Agajykow 2014-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda aradan çykýar.
Çary Artykow (1920–2005). Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, SSSR Kompozitorlar birleşiginiň agzasy Çary Esenowiç Artykow 1920-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Gyzylarbat (häzirki Serdar) şäherinde, işçi maşgalasynda eneden dogulýar. Ol 1935-nji ýylda doly däl orta mekdebi tamamlandan soň, Aşgabadyň kommunal-gurluşyk tehnikumyna okuwa girýär. 1938-nji ýylda Moskwanyň P.I. Çaýkowskiý adyndaky Döwlet konserwatoriýasynyň ýanyndaky türkmen bölümine zehinli ýaşlary saýlap almak üçin Aşgabada ýörite wekiller gelýär. Saýlanan zehinleriň arasynda Çary Artykow hem bardy. Şeýlelik bilen, ol 1938-nji ýylyň oktýabrynda Moskwa şäherine okamaga gidýär we dosent Georgiý Sergeýewiç Turilkiniň synpynda trombon çalmagy öwrenip başlaýar. Çary üçünji ýylyny tamamlap barýarka Beýik Watançylyk urşy başlanýar. 1942-nji ýylyň martynda ol sowet goşunynyň hataryna çagyrylýar. Ol söweşlerde görkezen edermenligi üçin «Gyzyl ýyldyz» (1943), «Watançylyk urşy» (1944), «Aleksandr Newskiý» (1945) ordenleri we köpsanly medallar bilen sylaglanýar. 1954-nji ýylda, ýagny otuz dört ýaşynda Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň sazyň taryhy-nazaryýeti bölümine okuwa girýär. 1956-njy ýyldan ol ýörite sazçylyk mekdebiniň okuwyny Medeniýet ministrliginiň sungaty öwreniş kabinetindäki ylmy işgäri wezipesi bilen utgaşdyryp alyp barýar. 1958-nji ýylda ýörite sazçylyk mekdebinde okuwyny tamamlap, Aşgabatdaky 1-nji çagalar sazçylyk mekdebiniň direktory wezipesinde işe başlaýar. Şol ýyl hem ol Daşkendiň döwlet konserwatoriýasynyň professory Boris Isaakowiç Zeýdmanyň ýolbaşçylygynda kompozisiýa hünäri boýunça okuwa girýär. Ýaş kompozitor bu döwürde özüniň meşhur eserlerini döredýär.
Ç. Artykow 1963-nji ýyldan başlap SSSR Kompozitorlar birleşiginiň agzasy bolýar. Ol döredijilik işini elmydama jemgyýetçilik we mugallymçylyk işi bilen utgaşykly alyp bardy. Ýurdumyzda ýaş hünärmenleri ýetişdirmäge uly goşant goşmak bilen, ýigrimi ýyldan gowrak Aşgabadyň 1-nji çagalar sazçylyk mekdebine ýolbaşçylyk etdi.
Türkmen saz sungatyny ösdürmekdäki ägirt uly goşandy üçin «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» (1992) diýen hormatly ada mynasyp bolýar. Ol «Gyzyl ýyldyz», «Watançylyk urşy» (iki gezek), «Aleksandr Newskiý» adyndaky ordenleri bilen sylaglanýar. Şeýle-de on sany medaly, Ýeňşiň ýubileýlerine hem «Belorussiýany azat etmek», şeýle-de «Watana bolan söýgüsi üçin» (1996) medallary bilen sylaglanýar.
Ç. Artykow 2005-nji ýylyň 10-njy awgustynda aradan çykýar.
Rejep Allaýarow (1936–2018). Türkmenistanyň halk artisti, Ýaşlar baýragynyň eýesi, ýiti zehinli kompozitor, professor Rejep Allaýarow türkmen kompozitorlarynyň orta nesline degişlidir. Ol özboluşly döredijilik aýratynlygyna eýe bolan ussat hökmünde 1970-nji ýyllaryň başlarynda kompozitorlar birleşiginiň döredijilik ulgamyna gelýär. Ol öz döredijiliginde türkmen halk sazyny häzirki zaman kompozitorçylyk ýazuwynyň dürli usullary, formalary, ritmleri we sazlaşyklary bilen baglanyşdyrýar. Kompozitor skripka we orkestr üçin konsert-poemasynda, kamera orkestri üçin simfoniýasynda, R. Tagoryň goşgularyna oratoriýasynda, wiolonçel we orkestr üçin konsertinde, A. Atabaýewiň goşgusyna solistler, garyşyk hor we simfoniki orkestri üçin «Türkmenistan – ata mekan» atly odasynda, Garajaoglanyň we Nesiminiň goşgularyna wokal toplumynda özüniň döredijilik oý-pikirlerini beýan etmek üçin täze saz gurluşlary we täze beýan ediş serişdelerini oýlap tapýar. R. Allaýarow türkmen simfonizmiň täze şahasynyň düýbüni tutujysydyr.
R. Allaýarow 1936-njy ýylyň 3-nji iýunynda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Bedirkent obasynda daýhan maşgalasynda eneden bolýar. 1943-nji ýylda umumybilim berýän mekdepde okan döwründe onuň matematika, astronomiýa, edebiýata bolan uly ukyby ýüze çykýar. 1953-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, ol Daşoguzyň mugallymçylyk institutynyň fizika-matematika fakultetine okuwa girýär. Saz bilen bolsa ol özbaşdak meşgullanyp başlaýar, fortepiano çalmagy we nota sowadyny öwrenip ugraýar. Rejep iki aýdan soň institutyň çeper höwesjeňler hor toparyna sazandarlyk edip başlaýar, birnäçe aýdan soňra şol hor toparynyň ýolbaşçysy bolup işleýär. 1957-nji ýylda ol instituty üstünlikli tamamlap, öz ugrundan aspirantura ýollanma alýar. Ýaş fizik aspiranturada okuwyny dowam etdirmän, 1958-nji ýylda Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň «Horuň dirižýory» bölümine okuwa girýär. Bu ýerde oňa A. Esadow halypalyk edýär. Birinji ýylyň ortalarynda Rejep özüniň ilkinji eserini – fortepiano üçin pýesany ýazýar. Şol wagtdan başlap hem ol bir wagtyň özünde iki sany bölümde – hor dirižýory we sazyň taryhy-nazaryýeti bölümlerinde okap başlaýar. Ýörite sazçylyk mekdebindäki okuwyny filarmoniýanyň horundaky iş bilen utgaşdyrýar, bu bolsa onuň saz boýunça dünýägaraýşynyň giňelmegine ýardam edýär. Rejep ikinji ýyllykda mugallym W.A. Baranowskiniň ýolbaşçylygynda fortepiano üçin üç sany prelýudiýa we skripka üçin birnäçe pýesa ýazýar. Ýörite sazçylyk mekdebinde okan ýyllary onuň saz ugrundan düýpli bilim we terbiýe almagynda kompozitorlar A. Kulyýew bilen G.S. Držewskiniň uly hyzmatlary bardyr. R. Allaýarow 1962-nji ýylda ýörite sazçylyk mekdebini üstünlikli tamamlandan soň, Moskwanyň P.I. Çaýkowskiý adyndaky Döwlet konserwatoriýasynyň hor-dirižýorlyk bölümine okuwa girýär. Iki ýyldan meşhur sowet kompozitory A.G. Şnitkäniň elinde kompozisiýa boýunça tälim alyp başlaýar. A.G. Şnitkäniň halypalyk etmeginde, şeýle-de G.W. Agafonnikow (polifoniýa), Ý.N. Holopow (saz formasynyň derňewi), R.A. Hananina (fortepiano) ýaly tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda tälim almagy oňa diňe bir çuňňur we giňişleýin bilim bermän, eýsem kompozitorçylyk ýazuwynyň tilsimlerini ele almaga, çeperçilik we filosofiki gözýetimini giňeltmäge ýardam edýär, döredijilik oý-pikirlerini işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýär. 1969-njy ýylda R. Allaýarow Moskwanyň P.I. Çaýkowskiý adyndaky Döwlet konserwatoriýasyny tamamlaýar. Ol Aşgabada gaýdyp gelýär we D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde sazyň nazaryýeti dersleri boýunça mugallymçylyk edip başlaýar. Ol ýörite sazçylyk mekdebinde işlän döwründe mugallymçylyk işi bilen döredijilik işini utgaşykly alyp barýar. Hindi şahyry R. Tagoryň goşgularyna okyjy, üç solist, hor we uly simfoniki orkestr üçin oratoriýany ýazýar (1972). 1974-nji ýylda ol Azerbaýjanyň halk artisti, professor Kara Karaýewiň ýolbaşçylyk etmeginde U. Gajybekow adyndaky Döwlet konserwatoriýasynyň aspiranturasyna okuwa girýär. 1969-1973-nji ýyllar aralykda D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy, 1972-nji ýyldan TDMSI-niň mugallymy bolup işleýär. 1985-nji ýylda bolsa dosentlik alymlyk adyny alýar. 1992-nji ýylda professor alymlyk derejesine mynasyp bolýar. Ol 1989-2001-nji ýyllar aralygynda Türkmen milli konserwatoriýasyna ýolbaşçylyk edýär we bu okuw mekdebiniň kompozisiýa kafedrasyna köp ýyllar müdir bolýar. Ol ençeme kompozitorlaryň halypasydyr.
Türkmen saz sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin R. Allaýarow Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna (1977), «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» (1980) we «Türkmenistanyň halk artisti» (1991) diýen hormatly atlara mynasyp boldy. Ondan başga-da «Galkynyş» ordeni (1997), «Zähmet edermenligi üçin» (1986), «Watana bolan söýgüsi üçin» (1996) we «Gaýrat» (1993) medallary bilen sylaglandy.
R. Allaýarow 2018-nji ýylyň 10-njy awgustynda aradan çykýar.
Rejep Rejebow (1944-2021). Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet we Ýaşlar baýraklarynyň eýesi Rejep Rejebow meşhur milli kompozitorlarymyzyň biridir. Ol döredijilik işine geçen asyryň 70-nji ýyllarynda başlaýar. Kompozitoryň döredijiligi beýik klassyklaryň we halk saz sungatynyň däpleriniň, häzirki zaman sazlarynyň dürli žanr, gurluş, saz beýan ediş aýratynlyklarynyň özboluşly, üýtgeşik birikdirilmeginiň nusgasydyr. Ol iki operanyň, köpsanly hor we kamera-instrumental eserleriniň, şeýle-de kino sazlarynyň, ençeme romanslaryň we aýdymlaryň awtorydyr. Onuň fortepiano üçin kwinteti, kirişli saz gurallary üçin kwarteti, wiolonçel üçin sonatasy, goboý we kamera orkestr üçin konserti, «Ýartygulak» we «Görogly» operalary has meşhur eserlerdir. Rejep Rejebowyň döredijiliginde kinofilmler üçin ýazylan sazlara hem uly orun degişlidir. Ol 60-dan gowrak çeper filme saz ýazýar. Olara «Teşneligiň gandyrylyşy», «Iki gezek doglan», «Gyrnak», «Gelin», «Aýal ata çykanda», «Altynyň reňki», «Bedewiň ogurlanmagy», «Jemalyň daragty», «Jennet guşy», «Tüweleýiň mekany bolmaz», «Garagum bürgütleri», «Yşkyň ýoly», «Mährem çynar» we başgalar degişlidir.
Rejep Rejebow 1944-nji ýylyň 23-nji iýunynda ussat suratkeş Juma Rejebowyň maşgalasynda dogulýar. Ýedi ýaşyndan başlap, tüýdükleri ýasap başlaýar we olarda halk sazlaryny çalmaklyga synanyşýar. Kakasynyň öýünde, ilki Gyzylarbatda, soňra Aşgabatda gramplastinkalardan günbatar-ýewropa nusgawy we türkmen halk aýdym-sazlary ýaňlanyp ugraýar. 1951-nji ýylda Rejep sazçylyk mekdebinde okap başlaýar. Ol 1959-njy ýylda doly däl orta mekdebi tamamlandan soň, Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine okuwa girýär. Sazçylyk mekdebine öz güýjüni truba hünäri boýunça ussat sazanda M.G. Guseýnowyň synpynda, kompozisiýada Durdy Nuryýewiň we Genrih Stanislawowiç Držewskiniň ýolbaşçylygynda synap görýär. Ýörite sazçylyk mekdebini üstünlikli tamamlandan soňra, 1963-nji ýylda, türkmen sazly teatrynyň uly ussady Adrian Grigorýewiç Şapoşnikow bilen maslahatlaşyp, Moskwanyň Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasyna, professor W. G. Fereniň kompozisiýa synpyna okuwa girýär. «Sapaklardaky gatnaşyk demokratiki häsiýete eýedi» diýip, Rejep ýatlaýar.
– Wladimir Georgiýewiç öz pikirini boýnuňa dakjak bolmaýardy, ol erkinlik berýärdi, hatda oňa kompozitor hökmünde stilistiki taýdan ýakyn bolmadyk zatlary hem goldamaga çalyşýardy. Onuň ýolbaşçylygynda okamak ýeňildi, men sapaklara höwes bilen gidýärdim we örän köp ýazgy edýärdim». 1968-nji ýylda R. Rejebow konserwatoriýany tamamlaýar. Onuň diplom işi bäş bölümden ybarat bolan, halk goşgularyna ýazylan «Garagum şemalynyň ertekileri» atly wokal-sahna eseri bolýar. Moskwa konserwatoriýasyny tamamlap, ýaş kompozitor Aşgabada dolanyp gelýär we D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde işe başlaýar. Şol bir wagtyň özünde ol kino sazy žanrynda hem işlemegini dowam etdirýär. «Kinomatograf maňa elmydama orkestr, janly ýaňlanyş (owaz) bilen aragatnaşykda bolmaklyga mümkinçilik berýärdi. Dirižýorlar E. Haçaturýan, K. Krimes, D. Şpilman, S. Skripka dagy bilen bilelikde ýazgy etmek maňa köp zatlary öwretdi we meniň döredijilik maksatlaryma laýyk gelýän erkin eksperiment (tejribe) etmekligime mümkinçilik berdi» diýip, kompozitor belläp geçýär. 1970–1980-nji ýyllarda awtor örän öndürijilikli işleýär.
R. Rejebow döredijilik işini elmydama jemgyýetçilik işi bilen utgaşdyrýar. Ol 1977-nji ýyldan SSSR Kompozitorlar birleşiginiň, 1971-nji ýylda bolsa SSSR kinematografiýaçylar birleşiginiň agzasydyr. Ol 1989–1993-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Kompozitorlar birleşiginiň başlygy bolup işleýär. R. Rejebow saz döretmek işiniň soňky döwrüni Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kompozisiýa kafedrasynda mugallymçylyk işleri bilen alyp barýar. Ol zehinli ýaşlar bilen baý döredijilik tejribesini paýlaşýar.
Önjeýli döredijilik işi üçin R. Rejebowa «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» (1989), «Türkmenistanyň halk artisti» (1998) diýen hormatly atlar dakylýar, Magtymguly adyndaky Döwlet (1985) we Ýaşlar baýraklaryna (1978) mynasyp bolýar, «Galkynyş» (1997), «Bitaraplyk» (1999) ordenleri hem-de «Gaýrat» (1994), «Watana bolan söýgüsi üçin» (1996) medallary bilen sylaglanýar.
R.Rejebow 2021-nji ýylda aradan çykýar.
Rejep Gutlyýew (1927–1993). Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, Türkmenistanyň kompozitorlar birleşiginiň agzasy Rejep Gutlyýewiň döredijiliginde wokal-simfoniki sazlar, hor eserleri, aýdymlar we romanslar agdyklyk edýär. Onuň «Daň şemaly», «Çopanyň aýdymy», «Näzli gyz» ýaly başga-da birnäçe aýdymlary halkyň iň söýgüli aýdymlarydyr.
Rejep Gutlyýew 1927-nji ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabadyň Köşi obasynda daýhan maşgalasynda eneden dogulýar. 1941-nji ýylda doly däl orta mekdebi tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet opera we balet teatryna horuň artisti bolup işe girýär. Teatrda işlän döwri Rejebiň saza bolan ukyby ýüze çykýar. 1948-nji ýylda ol goşun gullugyna çagyrylýar. Goşun gullugyny tamamlap, ýene-de teatra işe gelýär. Tiz wagtdan saza bolan söýgüsi we okuwa bolan ymtylyşy ony Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine getirýär. 1953–1957-nji ýyllar aralygynda ol sazçylyk mekdebinde horuň dirižýory bölüminde J. Begenjowanyň synpynda okaýar. Ýörite sazçylyk mekdebinde okuwyny Türkmen döwlet filarmoniýasynyň we opera teatrynyň horundaky işi bilen utgaşdyrýar. 1957-nji ýylda sazçylyk mekdebini üstünlikli tamamlandan soňra, R. Gutlyýew türkmen radiosynyň sazly gepleşikler bölümine redaktor hökmünde işe iberilýär. 1968-nji ýylda ol baş redaktor wezipesine bellenilýär. Redaktorçylyk işiniň özboluşlylygy ýaş sazandany türkmen halk sazy bilen çynlakaý gyzyklanmagyna, belli sazandalaryň, aýdymçylaryň we türkmen kompozitorlarynyň özboluşly döredijiligi bilen ýakyndan tanyşmagyna alyp barýar. Bu ugurda bellibir tejribe toplan kompozitor özüniň ilkinji aýdymlaryny, romanslaryny, hor aýdymlaryny we sazly gepleşiklerini ýazyp ugraýar. Özüniň sazly gepleşiklerinde R. Gutlyýew türkmen kompozitorlarynyň we ýerine ýetirijileriniň döredijiligi, halk sazy we sazandalar barada giňişleýin maglumatlar berýär. Kompozitoryň wokal eserleri we aýdymlary radionyň we telewideniýäniň konsert maksatnamalarynda ýygy-ýygydan ýaňlanýar. 1964-nji ýylda ol ikinji gezek ýörite sazçylyk mekdebiniň sazyň nazaryýeti bölümine okuwa girýär. Bu ýerde eýýäm, kompozisiýa boýunça çynlakaý sapaklar geçirilip başlanýar. Görnükli kompozitor, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Durdy Nuryýew oňa yzygiderli maslahatlar berip durýar. Rejep saglyk ýagdaýy sebäpli okuwyny tamamlap bilmeýär. Ol üçünji ýylynda okuwyny taşlamaly bolýar. Saglyk ýagdaýy gowulaşandan soňra, Rejep Gutlyýew täze güýç bilen kompozisiýa bilen meşgullanýar. 1973–1979-njy ýyllar aralygynda R. Gutlyýew Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetinde okaýar. Ol uniwersiteti tamamlanda «Şahyr Gara Seýitliýewiň lirikasy» diýen tema boýunça diplom işini ýazýar. Kompozitor birnäçe belli eserleriň awtorydyr.
Türkmen saz sungatyny wagyz etmekdäki uly hyzmatlary üçin R. Gutlyýew «Zähmetde edermenligi üçin» diýen medal bilen, 1979-njy ýylda oňa «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen at dakylýar.
R. Gutlyýew 1993-nji ýylyň 30-njy dekabrynda aradan çykýar.