1-NJI SENTÝABR – BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI
Her ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Baýramçylykmynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk çärelerine giň gerim berildi.
Bilim ojaklarynda kakylan ilkinji jaňlar täze 2025-2026-njy okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlady. Şeýle ajaýyp dabara mynasybetli biziň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimizde baýramçylyk çäresi uly şatlyk şowhuna beslenip geçirildi.
Häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär.
Şol sanda, medeniýet ulgamynda hem şanly menzillere,ajaýyp üstünliklere eýe bolunýar. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir.
Biziň ýurdumyzda 2007-nji ýyldan başlap, Talyp ýaşlar güni hem goşulyp, bu şanly senäniň dabarasy has-da ýaýbaňlandyryldy. Bu ajaýyp baýramçylyk 2009-njy ýylyň1-nji iýulyndan güýje giren Türkmenistanyň zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynda-da “Bilimler we talyp ýaşlar güni” görnüşinde öz beýanyny tapýar. Bu şanly sene biziň ýurdumyzda “Bilimler we talypýaşlar güni”, halkara derejesinde bolsa “Bilimler güni” ady bilendabaralandyrylýan özboluşly bir baýramçylykdyr.
Milli Liderimiziň belläp geçişi ýaly «Bilim almak, hünär öwrenmek, beden we ruhy taýdan sagdyn ösmek halkymyzyň gadymdan gelýän nusgalyk milliýörelgesidir». Şol ýörelgeden ugur alnyp, ýaş nesle döwrebap bilim bermek üçin ähli şertler döredilýär. Munuň üçin bagtyýar talyp ýaşlarymyzyň Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygynyň çägi ýokdur.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym, bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek ugrunda gazanylan oňyn tejribelerden, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden uguralnyp, bilim we medeniýet ulgamynda giň gerimli özgertmeleri dowam etdirilýär. Şu maksat bilen ylmy-tehniki ösüşlere, öň täze tehnologiýalara, öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Ýaşlar saýlap alan hünäri boýunça degişli maglumatlary islendik wagtda alyp peýdalanýarlar. Sanly bilim serişdeleriniň okuw-terbiýeçilik işlerine işjeň ornaşdyrylmagy her bir talybyň öwrenýän derslerini, okuw maksatnamalarynyň talaplaryna laýyklykda, özbaşdak özleşdirmegi üçin amatly şert döredýär.
Häzirki wagtda medeniýet ulgamyny belent sepgitlere ýetirmek hem-de ylymyň dürli ugurlaryndan baş çykaryp bilýän kämil ýaşlary, ussat hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmek döwletiň hemmetaraplaýyn ösüş binýadyny gurýar.Şu nukdaýnazardan hem, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesilleriň, ýaş sazandalaryň aýdym aýtmak sungatynyň dünýä derejesinde inçe tilsimlerini we dürli saz gurallara erk edip bilmeklerini gazanmak üçin birnäçe mümkinçilikler we oňyn şertler döredilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýaş nesle ýokary derejede bilim we terbiýe bermekde mekdebimiziň halypa mugallymlary we ýaş hünärmenleri özüniň ukyp başarnyklaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.
Ösen aň-düşünjeli, ukyp-başarnykly ýaşlary kemala getirmek, sanly bilim ulgamyny kämilleşdirip, ony durmuşymyza giňden ornaşdyrmak babatynda ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet
ýörite sazçylyk mekdebiniň “Aýdym aýtmak sungaty”
bölüminiň mugallymy Çerkezow Begdurdy