Barha gözelleşýär şäherlerimiz!
Ýakynda Aşgabat şäherinde döwrebaplaşdyrylan seýilgähiň açylyş dabarasy boldy. Bu seýilgähiň gurluşy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasynyň keşbini ýadyňa salýar.
Açylyş dabarasyna il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, talyp ýaşlardyr mekdep okuwçylary, bagtyýar körpeler gatnaşdylar. Bu ýerde şowhunly aýdym-sazly çykyşlar, medeniýet we sungat ussatlarynyň, tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary, şeýle-de bagtyýar çagalaryň ýörite taýýarlan çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Seýilgähiň açylyş dabarasyna biziň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimiziň “Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymy Jumaniýazow Eziziň ýolbaşçylygyndaky kamera orkestri, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň mugallymy Hudaýgulyýew Amanyň ýolbaşçylygyndaky üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestri, şeýle-de “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň mugallymy Orazgeldiýew Toýlynyň ýolbaşçylygyndaky kanunçylar topary hem özleriniň ajaýyp eserleri bilen çykyş etdiler.
Talyp ýaşlarymyzdan düzülen toparlarymyzyň çykyşlary açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň ünslerini özüne çekip, gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Maýa Kulyýewa adyndaky
TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky
TDÝSM-niň “Sazyň taryhy we nazaryýeti”
bölüminiň mugallymy Aýdogdyýewa B.A.