Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp konsert geçirildi!
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34-ýyllyk şanly Baýramyna bagyşlanyp Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatorýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň halypa mugallymlary öz talyp ýaşlary bilen konsert gurnadylar. Bu konsert uly şatlyk şowhuna beslenip diňleýji talyp ýaşlar we mugallymlar tarapyndan gowy garşylandy. Konsertde talyp ýaşlar Mukaddes Şanly Garaşsyzlygymyza bolan ýürek buýsanjyny dürli dillerde wasp etdiler. Bu konsertde Begenjow Aýdyň D.Hydyrowyň “Derýa”, Serdarow Ýusup G.Çaryýewiň “Sada gyz”, Hudaýberenowa Bägül W.Muhatowyň “Ilki söýgim nirde sen”, Selbi Rejepowa rumyn halk aýdymy “После слов”, Sähetliýewa Güljeren A.Çaýkowskiniň “Забыт так скора”, Ogulnur Garahanowa M.Glinkanyň “Северная звезда”, Abdullaýewa Aýjeren A.Warlamowyň “Что меня жит и ты жит”, Muhammedow Muhammedaly G.Lamanyň “Silenzio Cantatore”, Mekan Aýdogdyýew E.D.Curtisiň “Torna soriento” aýdymlaryny ýerine ýetirdiler we tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldular. Türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredip beren sungatyň Hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Welhanow Yhlas
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň
“Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň
IV ýyl talyby