SAZ ÝURTLARY DOSTLAŞDYRÝAN JADYLY SUNGAT


        Hormatly  Prezidentimiziň  başda  durmagynda  diýarymyz  halkara  derejeli  medeni  çäreleriň  geçirilýän mekanyna  öwrüldi.  Medeniýetimiz  sungatymyz,  aýdym-sazymyz  gadymy  milliligimiz  dünýäniň  ähli  ýerlerinden  gelen  daşary  ýurtly  myhmanlarymyzyň  ünsüni  özüne  çekýän  jadylaýjy  sungat  hasaplanýar.  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konswerwatoriýasynyň Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň we Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň mugallymlarynyň arasynda ynsanperwer durmuş ykdysady dersleri boýunça “2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” we hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli “Aýdym-saz sungatynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti” atly ylmy-usuly mashlahat geçirildi. Maslahada sazçylyk mekdebimizden rus dili mugallymy Şirin Rejepowa, iňlis dili mugallymy Gyrmyzy Gurbanýazowa şeýle hem birnäçe talyp ýaşlarymyz gatnaşdylar. Olardan Aýjeren Abdyllaýewa, Günhan Kurbanow daşary ýurt dillerinde çykyş etdiler.
        Ata  Watanymyz  Türkmenistan  dünýäniň  köp  ýurtlaryndan  myhmanlaryň  gatnaşmaklarynda  geçirilýän  konsertleriň, uly  konferensiýalaryň, medeni çäreleriň  geçirilýän  merkezine  öwürüldi. Bu   gatnaşyklarynyň  berkemeginde  medeniýetiň, aýdym-sazyň  ähmiýeti  uludyr. Daşary  ýurtlardan  gelen  myhmanlarymyzyň  sungatlaryny,  aýdym-sazlaryny  öwrenmek    aýdymçylaryň,  sazandalaryň, bagşylaryň  ähli  medeniýet  işgärleriniň  olar  bilen  bir  sahnalarda  çykyş  etmekleri, şeýle  hem  olaryň  milliligini  öwrenmegä  mümkinçilikler  döredilýär.
         Aýdym-saz  jadylaýjy  sungat, şol  sebäpli  hem  aýdymlary  bir  sahanada  ýerine  ýetirmek  medeniýet  işgärlerini  dostluga,  parahatçylyga, agzybirlige  çagyryş  bolup  durýar.    Milli  medeni  gymmatlyklarymyz  türkmen  halky  üçin  milli  mertebedir hem-de  buýsanç  çeşmesidir. 
    Gahryman  Arkadagymyz  “Medeniýet  halkymyzyň  kalbydyr,  milletimiz  mertebesidir”  diýip  belleýär.  Şol  sebäpli  hem  ýurdumyzda  ruhy  baýlygymyz  bolan  milli  medeniýetimizi, şeýle-de  sungatymyzy  ösdürmäge, baý  mirasymyzy  gorap  saklamaga  hem-de ony  dünýäniň  ähli  künjeginde  konsertler  bilen  çykyş  etmek, wagyz  etmäge  gönükdirilendir.       
       Gahryman  Arkadagymyzyň  “Parahatçylyk  sazy, dost, doganlyk  sazy” atly  kitaby, halklary, adamlary parahatçylygy gözlemegä çagyrýan, parahatçylygy döretmegiň, hakykatyň we adalatyň dabaralanmagyny gazanmagyň döredijilik medeniýetine  daýanmagyň, “Zer gadyryny  bilýän  zergär  döretmegiň” ýoluny  tapan  kitapdyr. Asuda  durmuşda  ýaşamagyň, abadanlygyň  salgysyny  berýän, saz-söhbediň  ynsan  üçin  ýagşylyk  paýydygyny, ruhy  baýlygyň  ojagynyň  asuda  bolýanlygyny  düşündirýän  kitapdyr. Bu  kitap ýollarymyzyň  açyk  bolup, howpsuz geljek  üçin  aladalara  ýugrulan, ýagşy  niýeti  ýaran edinen  sungatlaryň  söhbedidir.
     Bu  günki  gün  Türkmenistan  parahatçylygyň  sebit  merkezi,  bagtyýar  abadan  durmuşyň,  döredijilikli  zähmetiň  gaýnap  joşýan  mekany  hökmünde  tanalýar. Parahatsöýüjilik  milli  gymmatlyklarymyzyň,  gadymdan  gelýän  ýörelgelerimiziň  beýany  bolup  orta  çykýar.  Şeýle  ýörelgäniň  esasynda  bolsa  halkyň    erk-islegi  hasyl  bolýar.  Ýurdumyzyň  medeniýet  we  sungat  ussatlary  dünýä  ýurtlarynda  geçirilýän  halkara  medeni  çärelere  işjeň  gatnaşyp,  türkmen medeniýetini  äleme  tanadýarlar.  Medeniýet  halkaryň  dostluk  köprüsi  bolup, ol  halklaryň  sungaty aýdym-sazlaryny  öwrenmäge  uly  ýol  açýar. Parahatçylyk, agzybirlik  dostluk  aýdymlary  milli  aýdymlarymyzda  belentde  ýaňlanýar. 
   “Halkara   Parahatçylyk  we  ynanyşmak”  ýylynda  hem  dünýäni  ençeme  ýurtlarynda  medeniýet  we  sungat  işgärlerimiz  iş  saparlarynda  bolmaklary,   ýagny  şu  ýyl  Gazagystanyň  Aktau  şäherinde  “Türki  dünýäniň  medeni  paýtagty”  diýip  yglan  edilmegi  mynasybetli   ýurdumyzyň  sungat  ussatlarynyň  gatnaşmagy, şeýle  hem  Hytaý Halk  Respublikasynyň  Sian şäherinde  dabaraly konsertleri  gurnamagy, ondan  başgada  birnäçe  goňşy  döwletlerde medeni  çäreleriň  ençemesi  gurnaldy.   Bu  goňşy  döwletler   dostlukly  aýdym  sazlaryň  ýaňlanmagy   dünýäniň ýurtlary bilen dostlukly hyzmatdaşlygy, parahatçylygy, agzybirligi, medeni gatnaşyklarymyzyň  barha  giňemegine, ösmegine  uly  ýardam  berýär.
      Türkmen  medeniýeti.  Bu  sözde  şöhratly  taryhy  bolan  türkmen  halkynyň  köňül  nagmasy  jemlenendir. Medeniýet her  bir  döwletiň  ykbalyny, taryhyny  açyp  görkezýän  ylahy  baýlykdyr.  Ol  ynsan  kalbynda  ýaşaýyşa  bolan  söýgüni  oýarýar, ruhuňy  beýgeldýär. Şol  sebäpli  ynsan  hemişe medeniýete, sungata  bagly  ýaşaýar. 
      Gahryman Arkdagymyzyň, Arkadagly Prezidentimiziñ öňdengörüjilikli, pähim-paýhasa ýugrulan içeri we daşary syýasaty diňe bir halkymyzyň, ata Watanymyzyñ geljekki gülläp ösüşlerine hyzmat etmek bilen çäklenmän eýsem, tutuş dünýäniñ halklarynyň abadan, asuda, parahatçylykly ýaşaýşyny üpjün etmegi nazarlaýar. Şeýle beýik işleri durmuşa geçirýän, bütin älem giňişliginde milletimiziñ mertebesiniñ has-da belende göterilmegi ugrunda uly  tagallalar  edýän   Gahryman Arkadagymyz, Hormatly  Prezidentimiz Arkadagly  Gahryman  Serdarymyz bardyr. 
  Berkarar  döwletiň  täze  eýýamynyň  Galkynyşy  döwründe  “Halkara parahatçylyk  we ynanyşmak  ýylynda” Gahryman  Arkadagymyzyň, Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň  taýsyz  tagallalary  netijesinde   milli  medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy  gadymy  şöhratly  taryhymyzy  dünýä ýaýmakda  alyp  barýan  uly  işleri üçin   köp  sag bolsunlarymyzy   aýtýarys.Türkmen halkynyň Milli Lideri  Gahryman  Arkadagymyzyň, Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň  janlarynyň  sag, başlarynyň  dik bolmaklaryny, döwlet ähmiýetli,   il bähbitli, tutýan tutumly  işleri  rowaçlyklardan rowaçlyklara  beslenmegini  tüýs  ýürekden arzuw   edýäris.  

Hudaýberenowa Bägül
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň 
ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky 
TDÝSM-niň “Aýdym aýtmak sungaty” 
bölüminiň II ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219